Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Prezidentiň Owadandepä sapary paýtagtyň daşyndaky ýol hereketini çäklendirdi

0
Türkmenistanda döwlet baştutanynyň gurulýan infrastruktura obýektine eden sapary paýtagtda we onuň eteginde ýol hereketini birnäçe günlük çäklendirdi.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy prezident Berdimuhamedowyň 10-njy ýanwarda Owadandepede gurulýan benzin zawoduna eden saparynyň öňýanynda 8-nji dekabrda polisiýanyň şäherleriň arasynda gatnaýan hususy taksileri Çoganlydan kowup çykarandygyny we paýtagta barýan ýol hereketini üç günläp çäklendirendigini habar berdi.




Habarçylarymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda ýurtda demirýol we uçar biletleriniň dowam edýän gytçylygy sebäpli şäherleriň we welaýatlaryň arasynda gatnaýan taksileriň ilat köpçüligi üçin esasy elýeterli gatnaw mümkinçiligi bolup durýar. Resmi bolmadyk taksileriň, hususy ulag sürüjileriň hyzmatlary has arzan we elýeterli hasaplanýar.


"Eger uçar biletleriň emeli gytçylygy we otlularyň biletlerini satyn almakdaky kynçylyklar hasaba alnanda, taksi zerur gatnawlar üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar. Awtobuslar hem bar, emma olar gaty haýal we oňaýsyz” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.










Soňky birnäçe ýylyň dowamynda welaýat belgili taksiler paýtagta goýberilmeýär.


Azatlygyň habarçylarynyň 14-nji ýanwarda habar bermegine görä, prezidentiň 10-njy ýanwarda Owadandepedäki zawoda sapar eden wagtynda paýtagtyň ýaşaýjylary merhumy jaýlamakda kynçylyk çekipdir.


“9-njy ýanwarda Çoganlynyň gonamçylygynda merhumy jaýlamakda kynçylyk döredi. Merhumy gonamçylyga alyp baran awtobuslar we awtoulaglar her ädimde diýen ýaly saklandy. 10-njy ýanwarda bolsa gonamçylykda jaýlamagy asla gadagan etdiler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.




Türkmenistanda şäherlerde we ýaşaýyş punklaryň arasynda ýol hereketiniň çäklendirilmegi, köçeleriň tutuş ýapylmagy we şäherlere transportyň girmeginiň gadagan edilmegi yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar. Bu esasan prezidentiň töwerek-daşa edýän saparlary ýa-da ýurt ýolbaşçylarynyň möhüm diýip, hasaplaýan çäreleriniň geçýän wagtynda amala aşyrylýar. Bu ýagdaý ilatyň gündeki durmuşynda oňaýsyzlyklary döredýär.


Şol bir wagtda-da, habarçylarymyzyň we söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, Türkmenistanda ýurduň içinde gatnaýan uçarlara we otlulara biletleriň gytçylygy saklanýar.


“Içerki reýslere biletleriň bahasy bilen baglylykda doly eden-etdilik dowam edýär. Meselem Daşoguz barada aýdylanda, 25-nji dekabrda Daşoguzdan Aşgabada agşamky reýse bilet satuwda ýokdy. Emma resmi nyrhy 85 manatlyk biletleri 150 manatdan satdylar. Uçaryň içi bolsa şonda tas boşdy. 1-nji we 2-nji ýanwarda uçara mündürmek üçin eýýäm 200 manatdan aldylar” diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýolagçy uçar biletleriniň gytçylygynyň emelidigini we olaryň para üsti bilen satylýandygyny belledi.







Onuň sözlerine görä, Daşoguzdan Aşgabada gatnaýan taksileriň bahasy hem täze ýyl baýramçylygynda çak bilen iki esse gymmatlapdyr.


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary demirýol biletleriniň gytçylygynyň hem saklanýandygyny belläp, otly biletleriniň döwlet bahasynyň platskart üçin 30 manat, kupe üçin 50 manat bolsa-da, biletleri bu nyrhdan satyn almagyň kyndygyny aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net