Türkmenistanlylar Täze ýyl baýramçylygynda (nobatçy bomasa) dört gün dynç alar
TDH-nyň maglumatyna görä, Täze ýyl baýramynda dört günläp dynç alynmagy bilen baglylykda, şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak tabşyryldy.
Prezidentiň karary esasynda, hökümet başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde edaralarda, häkimliklerde nobatçylyk etmegiň tertibine ýene-de bir gezek seretmeli edildi.
Şeýle-de, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýurtda tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
