Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

'Gaz ölçeýjiňiz bolmasa resminama beremizok'

0
Türkmenistanyň ilaty gaz ölçeýjilerini goýmaga mejbur edilýär. Azatlygyň türkmenistanly habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda häkimiýetleriň ölçeýjileriň oturdylmagyna gözegçiliginiň güýçlendirilen wagtynda ýaşaýjylar dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.


Читайте также на русском

Azatlygyň habarçylarynyň biriniň sözlerine görä, hususan-da, ýaşaýjylara öz öýlerinde ölçeýjileriň oturdylandygyny subut etmezden, döwlet edaralaryndan resminama, şol sanda iş ýerinden kagyzlar berilmeýär.


“Döwlet ýaşaýjylaryň ölçeýjileri oturtmaga mejbur edýär. Eger gazy, togy we suwy ölçeýän gurallaryň oturdylandygy tassyklaýjy subutnama getirilmese iş ýerimden sprawkanyň berilmejegini aýtdylar. Diňe şonda ýolbaşçynyň resminama gol goýup, möhür basyp berjegini aýtdy” diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji dekabrda habar berdi.




Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarda gaz ölçeýjileriň uçdantutma oturdylmagy ýurt ýolbaşçylarynyň gaz, suw we tok mugtçulygyny doly ýatyrmak kararyny yglan etmeginiň yzýany şu ýylyň oktýabr aýynda başlanypdy.


Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Tükmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary gaz ölçeýjilerini satyn almakda kynçylyk çekýärler, sebäbi gurallary satýan edaralarda ölçeýjileriň ýetmezçiligi we nobatlar döräpdir.


Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtynda ölçeýjileriň söwdasyny gaz edarasynyň wekilleri amala aşyrýar. Habarçylarymyzyň ozalky maglumatlarynda gaz edarasynyň işgärleriniň etraplara ýörite awtoulagly aýlanyp, gaz ölçeýjileri satandygy habar berlipdi.




Ölçeýji gurallaryň oturdylmagy ýaşaýjylaryň hasabyna amala aşyrylýar. Gurallaryň oturdylmagyna häkimlikler, gaz we öý hojalyk edaralary gözegçilik edýär. Olaryň wekilleri bilen bilelikde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri-de ýaşaýyş jaýlara aýlanyp, ölçeýjileriň oturdylyp-oturdylmandygyny barlaýarlar we munuň bilen bagly resmi duýduryş edýärler.


Şol bir wagtda-da, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleri gaz ölçeýjileriň gyssagara oturdylmagy ýerine ýetirilen işleriň hiliniň pes bolmagyna we gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlaryň döremegine getirýär.


“Oturtdylar we gaz syzyp başlady, gazyň ysy geldi. Men ähli ýere jaň edip çykdym, häzir awariýnyý gulluga garaşýaryn. Tas partlapdyk” diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri 16-njy dekabrda habar berdi.


Mundan öň Azatlygyň habarçylary ilatyň gaz ölçeýjileri oturtmagy üçin berlen iň soňky wagt möhletiniň 15-nji dekabrdygyny, gurallar boýunça gaz tölegleriniň bolsa 2019-nji ýylyň başynda alynjagyny habar beripdi.




Şeýle-de, ilatdan hojalyk hyzmatlary üçin bergileri ýygnamak boýunça işlere hem gözegçiligiň artandygyny, bergili maşgalalaryň sud jogapkärçiligine çekiljegi barada duýduryşyň berlendigini habarçylarymyz aýdypdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 



 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net