NATO, ÝB Ukrainanyň Russiýa has köp basyş etmek çagyryşlaryny sowuk garşyladylar
NATO-nyň metbugat wekili Ýaranlygyň Gara deňizde, wakanyň ýüze çykan ýerinde ýeterlik güýçleriniň jemlenendigini we Azow deňzine goşmaga harby gämileri ýollamagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel “biz bu meseleleri diňe gepleşikleriň üsti bilen çözüp bileris, bu konfliktleriň hiç biriniň harby çözgüdi bolup bilmez” diýip, Poroşenkonyň çagyryşlaryny ret etdi.
