Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

'Toguň güýjüniň üýtgemegi sebäpli ýene-de ähli tehnikamyz zaýalandy'

0
Aşgabadyň etraplarynyň birinde birnäçe jaýda birden elektrik togunyň güýjüniň üýtgemeginiň netijesinde ýaşaýjylaryň hojalyk tehnikasy ýandy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, 24-nji noýabrda agşam Gowudan-W etrabynda elektik üpjünçiliginde näsazlyk döräp, toguň berilmeginden soň ýaşaýjylar hojalyk tehnikasynyň zaýalanandygyny bilip galypdyr.


“Şenbe güni agşam tehnika köpçülikleýin zaýalandy. Telewizorlardan, sowadyjylardan we holodilniklerden başlap, mobil telefonlara çenli” diýip, bu etrapda ýerleşýän jaýlaryň biriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, onuň öz öýünde sowadyjy, iki sany holodilnik, telewizor we telefon üçin simler köýüpdir.




Aşgabadyň bu etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasy ýerleşýär. Näsazlygy başdan geçiren jaýlaryň we zyýan çeken hojalyklaryň anyk sanyny anyklap bolmady. Gowudan-W etrabyna gözegçilik edýän öý dolandyryş edarasynda 24-nji noýabrda elektrik üpjünçiliginde dörän näsazlygyň sebäplerini Azatlyga düşündirip bilmediler.


Aşgabatdaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, şenbe güni howa birden sowap, bir gün ozalky 25 gradusdan 5 gradusa düşüpdir, şäheriň eteginde garly ýagyş ýagypdyr.


Aşgabadyň ýaşaýjylary elektrik togunyň öçürilmegine we toguň güýjüniň üýtgäp durmagyna ýygy-ýygydan duçar bolýarlar we netijede ençeme wagtlap, şöhleden, tomus sowadyjydan, gyşda ýylylykdan mahrum bolýarlar. Elektrik togunyň güýjüniň üýtgäp durmagy köplenç hojalyk tehnikasynyň zaýalanmagyna we ýaşaýjylaryň maddy ýitgi çekmegine getirýär.


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ilata berilýän elektrik togunyň üpjünçiligindäki näsazlyklar tomus we gyş aýlarynda has köp ýüze çykýar. Sebäbi bu möwsümlerde elektrik togy has köp harçlanýar, ilkinji nobatda-da jaýlary sowatmak ýa-da ýylaltmak üçin elektrik gurallar ulanylýar.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ilatyň elektrik togunyň ençeme wagtlap kesilmegi bilen bagly kynçylyklary barada yzygiderli habar berip gelýärler. Häkimiýetler munuň sebäplerini ilata köplenç düşündirmeýärler. Soňky aýlarda Aşgabadyň dürli bölekleriniň ilaty birnäçe günläp, suwsyz, gazsyz we elektrik energiýasyz galypdy.


Iýul aýynda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary birnäçe günüň dowamynda elektrik energiýasyz galypdy.




Noýabr aýynyň başynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçylary kommunal hyzmatlar üçin bergisi bar bolan hojalyklaryň gazdan we tokdan kesilendigini habar beripdi.


Türkmenistanyň ilaty kommunal hyzmatlarynyň hiliniň örän pesligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurduň habar serişdeleri ilatyň kynçylyklary barada habar bermekden saklanýar, häkimiýetler problemalaryň sebäplerini ilata düşündirmeýärler.


Ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki näsazlyklary infrastrukturanyň könelişmegi we kämilsizligi bilen düşündirýärler.


Türkmen ýolbaşçylary problemalary agzamaýarlar. Emma şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň ýolbaşçysy ýurduň ähli elektrik stansiýalarynda barlag geçirmegi we ähli kemçilikleri düzetmegi tabşyrypdy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net