Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Belarus prezidenti Garlykdaky kombinat üçin hasaplaşyk barada: 'Men bu meseläniň çözgüdine garaşýaryn'

0
Belarus Türkmenistanda Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin puly henize çenli almandyr. Bu barada Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka 23-nji noýabrda aýtdy.


"Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin puluň henizem alynmandygy barada maňa hasabat berýärler. Men bu meseläniň çözgüdine garaşýaryn" diýip, Belarusyň "Belta" agentligi Lukaşenkany sitirleýär. 


​Media maglumatyna görä, prezident Lukaşenka Garlykdaky kombinat üçin algy meselesini Belarusyň gurluşyk pudagynyň netijeliligini galdyrmak boýunça maslahatynda gozgapdyr. Lukaşenka eksportyň we walýuta girdejisiniň Belarus üçin iňňän möhümdigini belledi. 







"Şeýle-de, bu girdejiniň wagtynda gelmegi möhüm, şonuň üçin zyýan çekip, satmak we işlemek, ýyllarboýy hasaplaşyga garaşmak, ýol bererlikli däl" diýip, Belarusyň prezidenti aýtdy.      


Belarus metbugatynyň maglumatynda, Belarusyň Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin algysynyň möçberi takyk edilmändir.  




Şu ýylyň iýul aýynda Belarusyň media serişdeleri türkmen kompaniýalarynyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergileriniň 2018-nji ýylyň birinji çäreýeginde alty esse ýokarlanyp, 85 million rubla ýetendigini ýurduň Milli bankyna salgylanyp habar berdiler. 


Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy tutuşlygyna Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip, 1 milliard amerikan dollaryna düşüpdir.  







2009-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň gündogarynda Garlykda gurlan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat 2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.


Türkmenistan kombinatyň ulanylyşyna berilmeginden soň ýylda 1.4 million tonna kaliý önümlerini öndürip, dünýä derejesinde kaliý öndürijileriniň we eksportýorlarynyň öňdebaryjy orunlaryň birine çykmagy planlaşdyrypdy.


Kaliý kombinatynyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zakazy boýunça Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kärhanasynyň, şeýle-de iri belarus kompaniýalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylypdy.


Öz tarapyndan Türkmenistan ýaňy-ýakynda Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işi bilen baglylykda dawalary çözýän halkara suduna ýüzlenjegini mälim etdi.







5-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti “senagat ägirdiniň” işiniň göz öňünde tutulan kuwwatyna çykmandygyny aýdyp, “kompleksiň işine degişli ähli meseleleri çözmek üçin, bar bolan kemçilikleri jikme-jik analiz etmegi we degişli dokumentleri taýýarlap, halkara arbitražyna tabşyrmagy wise-premýerine tabşyrdy.


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky dawa sebäp bolup gelýär. 2016-njy ýylyň güýzünde Belarusyň döwlet kompaniýasy türkmen tarapyny gurluşykçylara aýlyk tölemezlikde aýyplady. Türkmenistan “Belgorhimpromy” ylalaşygyň şertlerini berjaý etmezlikde aýyplady.







Taraplaryň arasyndaky gapma-garşylyklara garamazdan, Garlykdaky kombinatyň 2017-nji ýylyň baharynda işe girizilmeginden soň Belarusyň prezidenti Lukaşenka Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarusdan Garlykdaky kombinata meňzeş dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ikinji kombinaty gurmagy sorandygyny mälim edipdi. Soňra Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwürdi. 


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka ozalky çykyşlarynda Belarusyň Türkmenistan üçin Ýewropanyň merkezindäki “ynamdar diregdigini” aýdypdy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net