Orsýet himiki ýarag habaryndan soň Aleppo şäherine öz ekspertlerini iberdi
Goranmak ministrliginiň sözçüsi Igor Konaşenkow 25-nji noýabrda žurnalistlere, Siriýanyň döwlet telewideniýesi himiki ýaraglardan ejir çekene meňzeýän adamlaryň bejerilişini görkezýän reportažy efire bereninden soň, Orsýetiň ýadro, himiki we biologiki ýaraglardan goranyş bölümleriniň hünärmenleriniň wakanyň bolan ýerine barandyklaryny aýtdy.
“Olar hassahanada ýaraly bolanlar bilen işleýärler, jeňçiler tarapyndan zäherli maddalaryň ulanylan ýerlerine gözegçilik edýärler” diýip, ol aýtdy.
AP habar gullugy düýbi Angliýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasynyň resmisine salgylanyp, onuň 24-nji noýabrdaky hüjümden soň Alepponyň ýokarsynda gaz ysynyň asylyp durandygyny aýdandygyny habar berdi.
Emma muňa garamazdan, pitneçileriň liderleri özleriniň himiki ýaraglary ulanandyklary barada aýdylýanlary ret etdiler.
