ABŞ-da Demokratlar Muelleriň derňewini gorajak kanunçylygy hödürläp biljekdiklerini aýdýarlar
Senatdaky azlygyň lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) eger-de baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiriji Matt Whitaker derňewe gözegçilik etmekden çekilmese, onda Ýörite Geňeşçi Robert Muelleri goramak üçin çäreleriň görlüp bilinjekdigini duýdurdy.
“Eger-de ol bu ýerde galsa, onda ol Muelleriň işine goşular ýa-da Muelleri çetleşdirer. Şonuň üçin, Kongres herekete geçmelidir” diýip, Şumer aýtdy.
Whitaker mundan öň, Muelleriň alyp barýan derňewini tankytlap çykyş edipdi. Whitakeriň tankytçylary onuň Muelleriň derňewine gözegçilik etmeginden çekilmegine çagyrypdylar.
Ozalky baş prokuror Jeff Sessionsyň döwri, derňewe onuň orunbasary Rod Rosenstein gözegçilik edipdi.
