Hökümet hristian aýalyň Pakistany terk edendigini ret edýär
"Asia Bibi türmeden çykdy we howpsuz ýere geçirildi” diýip, Ýewropa parlamentiniň prezidenti Antonio Tajani 7-nji noýabrda twitterde ýazdy. "Men Pakistanyň häkimiýetlerine sagbolsun aýdýaryn. Men onuň özi we maşgalasy bilen mümkin boldugyça tiz wagtdan Ýewropa parlamentinde duşuşmaga garaşýaryn” diýip, Tajani ýazdy.
Mulook, metbugatda sitirlenen sözlerine görä, Bibiniň öz ýakyn maşgala agzalary bilen Pakistandan uçup çykandygyny, emma haýsy ýurda barýandygyny bilmeýändigini aýdypdyr.
Emma muňa garamazdan, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mohammad Faisal media bu habaryň esasynyň ýokdugyny aýtdy.
Ady aýdylmaýan howpsuzlyk resmisiniň sözlerine görä, Bibi Panjap welaýatyndaky Multan türmesinden boşadylyp, hüjüm edilmeginden howatyr edilip, Yslamabatda bir aýdylmaýan ýere alnyp gidildi diýip, “Associated Press” we “Roýters” ýazýar.
