Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Aşgabatda gaz ölçeýjileri bir günde 22% gymmatlady

0
Aşgabadyň häkimiýetleri ilatyň ulanýan gazyny ölçemek boýunça gurallary köpçülikleýin oturtmak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.


Şu günler Aşgabadyň gaz edarasynyň işgärleri paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryny öýme-öý aýlanyp, gurallary oturtmagy talap edýärler.




Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, ölçeýjileri oturtmak üçin ilata teklip edilýän nyrhlar ýagdaýa görä üýtgäp durýar.


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy, gaz edarasynyň 2-nji noýabrda, hususan-da öz ýaşaýan jaýyna gelen işgärleriniň günüň dowamynda iki sany dürli nyrhy öňe sürendigini aýtdy we guralaryň bahasynyň gysga wagtyň dowamynda 22% gymmatlandygyny habar berdi.


"Men şu gün irden jaýymyzda öýme-öý aýlanyp başlan gaz edarasynyň işgärlerini köçede görüp, ölçeýjileriň bahasyny soranymda olar 212 manat diýdiler. Soň bir sagat geçip-geçmän olar meniň öýüme gelenlerinde guralyň bahasynyň 260 manatdygyny aýtdylar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda gaz ölçeýjilerini oturdan beýleki maşgalalar munuň üçin 212 manat töläpdir.




Şeýle-de, Aşgabadyň Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň Azatlyga habar bermeklerine görä, 2-nji noýabrda bu etrapçanyň ýaşaýyş jaýlaryna hem aýlanan "Aşgabatgaz" edarasynyň işgärleri ýaşaýjylaryň talaby boýunça ölçeýjileriň bahasyny kesgitleýän resminama görkezipdir. 


Azatlyga gowşan bu resminamanyň nusgasyndaky nyrh agzalan ozalky nyrhlardan tapawutlanýar.    


"Aşgabatgaz" müdirliginiň ýolbaşçysynyň ilata gaz ölçeýji enjamy oturtmagyň nyrhnamasy atly dokumentde ölçeýjiniň bahasy 154.46 manat, çig mal we goşmaça serişdeleriň nyrhy 69.45 we oturmak işleriniň nyrhy 35 manat möçberinde kesgitlenýär. Şeýlelikde nyrhnamadaky umumy bahasy 258.91 manat möçberde görkezilýär.    




Azatlyk Radiosy gaz ölçeýjileriň oturdylmagyna degişli jikme-jik maglumatlary "Aşgabatgaz" müdirliginiň özünden anyklap bilmedi. 


Gaz üçin tölegleriň 2019-njy ýylyň başyndan giriziljekdigi ýaşaýjylara habar berildi, emma gaz üçin tölegleriň takyk nyrhlary entek mälim edilmedi.


Türkmenistanda ilata berilýän gazyň möçberini hasaplamak boýunça resmi çäreler hökümetiň gaz, suw we tok mugtçulygyny doly ýatyrmak baradaky kararynyň yzýany güýçlendi.


Hökümetiň soňky 25 ýylyň dowamynda ilata belli bir möçberde mugt berlen kommunal hyzmatlaryny doly tölegli etmek baradaky karary sentýabrda yglan edilipdi.


Türkmenistanyň häkimiýetleriniň gazy ölçeýän gurallary oturtmak boýunça alyp barýan çäreleri bilen bir wagtda, elektrik toguny we suwy ölçeýän gurallaryň oturdylmagy hem dowam etdirilýär, şeýle-de, ilatyň kommunal hyzmatlary üçin döwlet bilen hasaplaşmagy boýunça işler hem geçirilýär.




Ýaňy-ýakynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bergili maşgalalary tölemäge mejbur etmek üçin hojalyklaryň gazyny we toguny kesýändigini habar berdi. 




Bergili hojalyklaryň elektrik energiýasynyň kesilmegi boýunça ýagdaýlar Aşgabatda hem ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir aýdan gowrak wagt mundan ozal Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda begisi bolan ýaşaýjylar bilen bir wagtda-da tölegleri doly üpjün edilen ýaşajylaryň hem öýleriniň elektrik togunyň kesilendigini habar beripdi.


"Olar gelip elektrik energiýasynyň gurallaryny diňe bir öçürmek bilen çäklenmeýärler, hatda simlerini kesip, gurallary doly zaýalap gidýärler" diýip, habarçymyz aýtdy.


Türkmenistan 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberini mugt bermek düzgünini girizipdi. Türkmenistanyň ýolbaşçylary häzirki wagtda ilatyň durmuşynyň gowulanandygyny aýdyp, bu ýeňillikleri doly ýatyrdy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net