Pakistan: Resmi netijeler saýlawlarda oppozision lider Imran Hanyň ýeňiji bolandygyny görkezýär
Ýöne Tehrik-e Insaf (PTI) partiýasy parlamente kontrollyk etmek üçin gerekli 137 orny eýeläp bilmändigi sebäpli, koalision hökümeti düzmek üçin ýurduň kanun çykaryjy organynda özüne ýaran gözlemeli bolar.
Pakistanyň saýlaw resmileriniň 27-nji iýulda irden beren maglumatyna görä, saýlaw netijeleri Hanyň iň ýakyn bäsdeşiniň – tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň häzirki wagtda ýurdy dolandyrýan “Pakistanyň musulman ligasy – Nawaz” partiýasynyň – parlamentde 63 ýer alandygyny görkezýär.
Saýlawlaryň netijesinde parlamentde iň köp ýeri alan üçünji partiýa “Pakistanyň halk partiýasy” bolup, ol häzire çenli 39 orny eýeledi. Parlamentdäki ýene 20 orun üçin sesler henizem sanalýar diýip, “AP” habar agentligi aýdýar.
