Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde ýaşaýjylar barýan suwy içmäge çekinýärler

0
Aşgabadyň günorta-gündogar bölegindäki etrapçanyň 30 çemesi ýaşaýyş jaýlaryna barýan agyz suwy çakdan aşa hlorly, ony içip bolmaýar diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna habar berdiler.


“Gije-gündiz çal reňkli suw gelýär. Soň adamlar ony gaba salyp, bugardyp, hloruny azaltmaga, reňkiniň açylmagyna, suwuň öz reňkine gelmegine garaşýarlar. Şonda-da içmäge çekinýärler” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, suwuň hili soňky iki aýyň dowamynda üýtgäpdir. Mundan öň Aşgabadyň agzalan böleginde ýaşaýyş jaýlara içi çägeli sary reňkli suw barýardy. 




Aşgabadyň ýaşaýjylary jaýlara berilýän agyz suwy hasaplanylýan bolsa-da, ony içmek beýlede dursun, ýuwunmak üçin hem amatsyzdygyny belleýärler.


“Ýuwnanyňdan soňra adamlar satyn alýan agyz suwy bilen öz endamlaryny ýuwýarlar, sebäbi suwdan ýaňa erbet gijelewük emele gelýär. Ysy hem erbet. Suwy satyn almaga mümkinçiligi bolmadyklar bolsa hlorly suwy gaýnadyp sowadýarlar we soň ulanýarlar” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz habar berdi.


Türkmen paýtagtynyň günorta-gündogar böleginiň suw üpjünçiligini “Aşgabatagyzsuw” edarasynyň garamagyndaky Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gämi obasyndaky kärhanalar amala aşyrýar. Döwletiň garamagyndaky “Aşgabatagyzsuw” edarasynda şäheriň günorta-gündogar böleginde, suwuň hiliniň ýaramazlygyndan özleriniň habarsyzdygyny aýtdylar.




Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan edaranyň wekili agzalan ýagdaý barada “laboratoriýa aýtmagy” wada berdi. Şeýle-de ol, soňky wagtda Aşgabadyň suw üpjünçiliginde hiç hili üýtgeşikligiň girizilmändigini belledi: “Näçe ýyl bäri şol bir suw, şol bir zawodlarda arassalanyp geçirilişi”.


Aşgabadyň agyz suw kärhanalary, Gämidäki kärhanalar 1990-njy ýyllaryň aýagynda işe girizilipdi. Aşgabadyň günorta-gündogar bölegindäki ýaşaýyş jaýlary, şol sanda Parahat mikroraýonlaryny Gämi obasyndaky suwy arassalaýyş kärhanalary üpjün edýärler. Olar Garagum kanalyndan alnan suwy arassalap geçirýärler.


Türkmenistanyň paýtagty agyz suwy bilen jemi üç ýerden üpjün edilýär. Gämidäki kärhanalardan başga-da, suw üpjünçilik kärhanasynyň biri Bekrewede, ýene biri Aşgabadyň daşyndaky “90 Razýezd” diýlip atlandyrylýan, häzirki ady Ruhabat şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär. Ruhabatdaky kärhana Aşgabadyň 30-njy mikroraýonyny we demirýoldan demirgazykdaky Hitrowka, Gaža we ýene birnäçe etrapçany agyz suwy bilen üpjün edýär. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu ýerdäki suwuň hem hlory duýulýar, emma günorta-gündogardaky etraplardan ganymat bolup görünýär.


Bekrewedäki suw kärhanasy bolsa, Köpetdagyň etegindäki çeşme suwlaryny Aşgabadyň “elitniý” diýilýän täze kaşaň jaýlaryna eltýär, şeýle-de bu suw şäheriň iňňän köp sanly fontanlary üçin ulanylýar. Türkmenistanyň paýtagty fontanlarynyň sany boýunça dünýä derejesinde tapawutlanyp, “Guiness” rekordlar kitabyna giripdi.




Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar agyz suwuň soňky aýlarda aşa hlorly bolmagynyň sebäplerini Aşgabatda öň ulanylan lagym suwlaryň gaýtadan işlenip başlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. “Aşgabatagyzsuw” kärhanasynda iki ýyla golaý wagt mundan öň Çoganlyda işe girizilen lagym suwlary ýygnaýan kärhanasynyň gaýtadan işleýän suwlarynyň içmek üçin berilmeýändigini aýtdylar.


“Ony içmek üçin berenoklar. Ony ekin üçin goýberýän bolaýmasa. Ol suw ýaşaýyş jaýlara berlenok, diňe ekinler üçin berilýär, baglar üçin berilýär” diýip, Aşgabatagyzsuwgurluşyk” edarasyndan, Azatlyk Radiosyna aýtdylar.


Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi ýaşaýyş jaýlaryň suw bilen üpjün edilmeginde ýyllarboýy dürli kynçylyklara duçar bolup gelýärler. Ozalky ýyllarda ýaşaýyş jaýlara barýan suw çägeli bolýardy. Ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, 20 litr suwdan azyndan 500 gram çäge çykýardy. Şeýle-de, Aşgabadyň ýaşaýjylary suwuň günüň dowamynda belli bir sagatlarda, çäkli görnüşde berilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular.


Yssy howaly Türkmenistanyň häkimiýetleri suwuň tygşytly ulanylmagyny wagyz edýärler. Ýurtda onlarça ýyllap ilata mugt berlen agyz suwy 2017-nji ýylyň noýabrynda tölegli edildi we sarp edilen suwy ölçeýän gurallaryň oturdylmagy talap edildi.


Munuň bilen bir wagtda, ýurtda agyz suwy gitdigiçe gymmatlaýar. Diňe soňky bir aýyň dowamynda, gaba gaplanan arassa suwuň bahasy ortaça 50% ýokarlandy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net