Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Türkmenistanda hojalyk hyzmatlaryny ölçeýji gurallar gymmatlaýar

0
Türkmenistanda azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, ulanylan hojalyk hyzmatlaryny ölçeýji gurallaryň we olary oturtmagyň nyrhlary hem ýokarlanýar.


Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary, hususan-da, suwy ölçeýji guralyň bahasynyň häzirki wagtda 200 manada barandygyny, ony oturtmak hyzmatynyň bahasynyň 50 manada durýandygyny habar berdi. Deňeşdirme üçin aýtsak, geçen ýyl şol bir guralyň bahasy 130 manat, ony oturtmagyň nyrhy 35 manada barabardy.


Habarçymyzyň sözlerine görä, emma geçen ýylyň aýagyna degişli döwürden tapawutlylykda, häzirki wagtda bu ölçeýji gurallaryň gytçylygy göze ilmeýär.




Şol bir wagtda-da, Türkmenistan ölçeýji gurallaryň öz önümçiligini hem ýola goýdy. Türkmen hökümetiniň 20-nji aprelde yglan etmegine görä, «Türkmenmaşyngurluşyk» kärhanasynda elektrik energiýasynyň sarp edilişini ölçemek boýunça gurallaryň önümçiligi ýola goýlupdyr. Kärhananyň ýylda 180 müň guraly işläp çykarmaga ukyplydygy, gurallaryň 2017-nji ýylyň noýabr aýynda synagdan geçendigi resmi maglumatlarda habar berilýär.


Türkmenistanda ölçeýji gurallara bolan talap ýurduň ilatyna mugt gazy, suwy we elektrik energiýasyny bermegi göz öňünde tutýan sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan soň güýçlenipdi.


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazyň, suwuň we elektrik togunyň ilat üçin mugt bolmagyny ýatyrmak barada gelen karary bilen 2017-nji ýylyň noýabr aýynda ýatyrylypdy.


Türkmenistanyň ilaty üçin niýetlenen bu sosial ýeňillikler 1993-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilipdi we onuň 2030-njy ýyla çenli saklanmagy kanun tarapyndan berkidilipdi.


Ýurduň häzirki ýolbaşçysy G. Berdimuhamedow bu sosial ýeňillikler sistemasynyň “doly derejede netijesiz” bolandygy aýtdy.


“Ýeňillikler uçdantutma her birine däl, diňe sosial kömege hakykatdanam mätäçlere berilmeli” diýip, milli media serişdeleri geçen ýylyň tomsunda prezident Berdimuhamedowy sitirledi. 


Gaz, suw we elektrik togunyň mugtçulygynyň ýatyrylmagyndan soň, häkimiýet wekilleri ýaşaýyş jaýlara aýlanyp, hojalyk hyzmatlarynyň sarp edilişini ölçeýji gurallary oturtmak talabyny güýçlendirdiler, şeýle-de ilaty ozalky ýyllar üçin tölemäge mejbur etdiler. 




Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan soň, hususan-da, Aşgabatda her bir ýaşaýyş jaýdan 2015-nji we 2016-njy ýyllarda ulanylan suw üçin, 35-50 manat aralygynda töleg etmek talap edildi.


“Häzir her bir jaýdan suw üçin bir ýyla 35 manat möçberinde töleg talap edilýär, üstesine, jerime hökmünde ýene her aý üçin 70 manat soralýar. Şeýle şertlerde ölçeýji boýunça tölemek has amatly bolýar, şonuň üçin gitdigiçe has köp adam ölçeýjileri oturdýar” diýip, habarçymyz aýdýar.


2015-nji ýyldan bäri türkmen häkimiýetleri ilatdan gaz ölçeýji gurallary hem oturtmagy talap edip gelýär. Emma Azatlygyň habarçylary häzirki wagtda häkimiýetleriň esasy gözegçiligini ilatyň sarp edilýän suwy we elektrik energiýasyny ölçeýän gurallary oturtmagyna gönükdirýändigini belleýärler.


Türkmenistanda gazyň, suwuň, elektrik togunyň mugtçulygynyň ýatyrylmagy bilen bir wagtda hojalyk hyzmatlarynyň bahasy hem ýokarlady.


Bilermenler energiýa resurslaryna baý Türkmenistanyň öz ilatyny tas 25 ýyllap üpjün eden ýeňilliklerinden mahrum etmegini ýurduň başdan geçirýän agyr ykdysady krizisi bilen baglanyşdyrýarlar. Soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ilaty iş orunlarynyň çäklendirilmegi, azyk önümleriniň çürt-kesik gymmatlamagy, ýangyjyň, transportyň, medisina we hojalyk hyzmatlarynyň gymmatlamagy ýaly ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net