Ermeni oppozisiýanyň lideri dialogy ret edýär, Sakisýan çekilsin diýýär
“Indiden soň dialog geçirmek gaty giç bolar... ýöne bu biziň hiç bir maslahata taýyn däldigimizi aňlatmaýar” diýip, Paşiniýan 20-nji aprelde merkezi Ýerewanda ýygnanan müňlerçe protestçä ýüzlenip aýtdy.
“Biz, elbetde, Serž Sarkisýanyň işden çekilmek ýagdaýlary[seneleri] we munuň bilen baglyly şertler babatynda maslahat etmäge taýýar” diýip, Paşiniýan oppozisiýanyň “duşmançylyklary we ar alyşlary islemeýändigini” sözüne goşdy.
“Eger-de Sarkisýan mümkin boldugyça çalt işden çekilse, bu diňe onuň özüne we Ermenistan respublikasyna peýdaly bolar” diýip, ol aýtdy.
Paşiniýanyň çagyryşy ermeni paýtagtynda we kawkaz ýurdunyň beýleki ýerlerde öňki prezident Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy dowam edýän protestleriň tapgyr sekizinji gününde edildi.
