Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2018

Berdimuhamedow Nowruzda her döwlet edarasyndan nobatçylary talap etdi

0
Türkmenistan Nowruz baýramyna we köpçülikleýin agaç ekişlige döwlet derejesinde taýýarlanýar.


Türkmenistanyň prezidenti 19-njy martda geçiren wideo-şekilli maslahatynda Nowruz baýramyna taýýarlyga we agaç ekmek aksiýasyna aýratyn üns berdi we ony ýokary derejede geçirmek baradaky ozalky tabşyrygyny ýene-de gaýtalady. Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, her bir döwlet edara-kärhanasynda nobatçylary bellemegi tabşyrdy.


Türkmenistanda 21 we 22-nji martda bellenýän Nowruz baýramy resmi dynç alyş günleri hasaplanýar. Muňa garamazdan, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň dynç günlerinde we döwlet baýramçylyklarynda işe we nobatçylyga çekilmeginiň tejribesi ýyllarboýy giňden ulanylyp gelýär.




Türkmen hökümetiniň şu ýylky planyna görä, 21-nji martda Aşgabadyň etegindäki Ahal ýaýlasy atly giňişlikde köpçülikleýin agaç oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçiriler we yzýany baýramçylyk konserti bolar. Ýurt resmileri baýramçylyk konserine aýratyn taýýarlyk görýärler. Şu sebäpli ýurduň ähli welaýatlaryndan paýtagta öňünden ýüzlerçe adamyň öz hasabyna getirilendigini Aatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdi.


Prezidentiň kararyna görä, şu ýyl ýurtda 3 million agaç ekiler, esasan arça agaçlary.


Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, nahallar edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem maliýe we iş güýjüniň hasabyna oturdylýar. Türkmenistanda her bir edaranyň her ýyl oturtmaly nahallarynyň ýeri we sany ýerli häkimlikler tarapyndan öňünden bölünip berilýär. Esasan ýurduň içindäki pitomniklerde ýetişdirilýän nahallary her bir edara öz hasabyna satyn alýar. Kärhanalarda munuň üçin ýörite maliýe fondy bolmansoň, çykdajylar işgärlerden ýygnalýan pula satyn alynýar. Nahallaryň bahasy 5 we 15 manat aralygynda.




Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, köplenç her edaranyň ekmeli agaçlarynyň sany işgärlerden has köp bolýar.


“Meslem Balkan welaýatynyň Ülkäni öwreniş mizeýinde 42 adam işleýär. Şu ýyl agaç ekişlik üçin bu ýerde iki nobatçy bellendi. Üstesine, işgärleriň ýene ençemesi dynç güni işe çykmaly edildi. Bu kärhanadan 300 agaç ekmek talap edilýär. Emma işgärler agaç oturtmagyň teribiniň kesgitlenen badyna, fewral aýynda şol oturtmaly agaçlarynyň puluny ýygnap eýýäm häkimlige tabyrdylar” diýip, türkmenistanly çeşmämiz gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, agaçlar oturdylandan soň kärhanalar olaryň soňky idegini, suwaryşyny öz güýji bilen berýaý etmeli bolýarlar, ýa-da öz hasabyna hakyna bagban tutmaly bolýarlar.


Türkmenistanda 1990-njy ýyllardan bäri ýylda millionlarça agaç ekilýär. 1999-2009-njy ýyllaryň aralygynda agaç ekmek maksady bilen döwletiň garamagyndaky “Gök guşak” atly ýörite bileleşik iş alyp barýardy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginden soň “Gök guşak” dargadyldy, emma her ýyllarda millionlarça agaç ekmek tejribesi dowam etdirildi. Täze nahallar ählihalk çäresi hökmünde ýylda iki gezek bahar we güýz möwsüminde oturdylýar.




Emma ýerli synçylar ýylda oturdylýan agaçlaryň örän kiçi böleginiň kök urýandygyny, aglaba köpüsiniň gurap galýandygyny belleýärler. Käbir bilermenler munuň sebäpleriniň birini nahallaryň biwagt oturdylmagynda görýärler.


“Güýziň aýagynda oturdylan agaçlar has gowy kök urýar. Bahar aýlarynda tebigatyň oýanýan wagtynda agaçlaryň oturdylmagy ylmy esasa ters gelýär. Emma bu tejribe gynansak-da, 25 ýyl bäri dowam etdirilip geleýär” diýip Azatlyk Radiosynyň aşgabatly söhbetdeşi belledi.


Türkmenistanyň prezidenti şu ýylky agaç ekişlik kampaniýasy barada 19-njy martda eden çykyşynda “köpçülikleýin bag-bakjalyk aksiýasyna ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurlygyna” ünsi çekipdir. Bu barada döwlet mediasy habar berdi.


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda täze agaçlaryň ekilmegini ýokary derejede guramalaşdyrýarka, şäherlerde, esasan-da paýtagtda ýurduň tebigatyna çydamly öňnden ösüp oturan agaçlaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin çapylyp ýok edilmegi dowam etdirilýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net