Lawrow Britaniýa jogap berip, britan diplomatlaryny Orsýetden çykarjagyny aýtdy
16-njy martda Gazagystanyň paýtagtynda žurnalistleriň soragyna jogap berip, Lawrow: “Elbetde biz ederis" diýdi, emma britan diplomatlarynyň näçesini we haçan çykarjagyny aýtmady.
Orsýet prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň jogabynyň “islendik pursatda bolup biljekdigini” aýtdy.
Britaniýa öňki gizlin goşa agent 66 ýaşly Sergeý Skripaly we onuň 33 ýaşly gyzyny Sowet Soýuzynda öndürlen zäherli madda bilen öldürmäge synanyşyk diýip atlandyrýan ýagdaýyň aňyrsynda Orsýetiň durandygyny aýdýar. Orsýet aýyplamalary ret edýär.
Ataly-gyz 4-nji martda Salisbury şäherinde agyr halda tapylypdy.
