Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2018

Özbegistanyň prezidenti Täjigistan bilen ýakyn gatnaşygy wada berýär

0
Täjigistana taryhy saparyny edýän Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň iki ýurdunyň arasynda ençeme ýyllap dowam eden dartgynlylykdan soň gatnaşyklary berk pugtalandyrmagy wada berdi.


Mirziýoýew 9-njy martda Duşenbede Täjigistanyň prezidenti bilen bilelikde eden çykyşynda “Daşkent Duşenbe bilen ähli ugurlardan gatnaşyklary yzygiderli ösdürer” diýip žurnalistlere aýtdy.


“Täjik-özbek gatnaşyklary ýakyn geljekde strategik partnýorlyk derejesine ýeter” diýip, özbek prezidenti ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň yzýany aýtdy. Mirziýoýew Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleriniň “örän netijeli” bolandygyny belledi.


“Hakykatda, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza päsgel berip biljek hiç hili problema galmady” diýip, Özbegistanyň prezidenti aýtdy.


Rahmon Mirziýoýewiň iki günlük saparyny “aýgytly we wajyp” diýip atlandyrdy, şeýle-de, Täjigistanyň “Özbegistanyň regional hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça tagallalaryny goldaýandygyny” aýtdy.


Özbegistany uzak wagtlap dolandyran prezident Yslam Karimowyň 2016-njy ýylda aradan çykmagyndan soň, häkimiýet başyna geçen Mirziýoýew, ýurduň Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmagy öz hökümetiniň ileri tutýan meseleleriniň arasynda öňe sürýär.


Yslam Karimowyň 27 ýylyň dowamynda ýöreden awtokratik dolandyryşynyň astynda Merkezi Aziýa regionynyň iň köp ilatly bu ýurdunyň Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Türkmenistan bilen gatnaşyklary tranzit ýollar, serhet howpsuzlygy, suw resurslary we beýleki meseleler bilen baglylykda ýaramazlaşypdy.


Özbegistanyň Duşenbe bilen gatnaşyklary Daşkentiň Täjigistanda 1992-1997-nji ýyllarda bolan graždan urşundaky roly we 1990-njy ýyllarda “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly toparyň söweşijileriniň täjik territoriýasyny ulanmagy bilen baglylykda hem ýaramazlaşypdy.


Özbegistan Täjigistan we Gyrgyzystan bilen özara serhetlerinde minalary ýatyrypdy. Duşenbe Daşkentiň iki ýurduň umumy serhedini birtaraplaýyn kesgitlemegine, täjik resmilerini habarly etmezden, gözegçilik diňlerini we serhet postlaryny gurmagyna ençeme gezek nägilelikbildiripdi.


Mirziýoýewiň 9-10-njy martda Duşenbä edýän saparynyň öňüsyrasynda iki ýurduň resmileri döwlet baştutanlarynyň ikitaraplaýyn meseleleriň ençemesini, şol sanda syýasata, söwda, ykdysadyýete, maliýe pudagyna, syýahatçylyga we transporta degişli gatnaşyklary ara alyp maslahat etjegini habar beripdiler.


Resmi maglumatlara görä, ýokary derejeli täjik-özbek gepleşikleriniň netijesinde 25 sany dokumente, şol sanda serhetleriň kesgitlenmegine we serhetden geçişiň aňsatlaşdyrylmagyna degişli ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.


8-nji martda täjik-özbek serhedindäki dokuz sany barlag-geçiş nokady we bir demir ýol geçelgesi ençeme ýyllap ýapyk duransoň gaýtadan işläp başlady.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net