Argentinanyň öňki lideri Eýranyň bombaly wakadaky roluny ýaşyrandygy üçin suda çekilýär
Argentinanyň sudunyň 5-nji martda çap eden kararyna görä, Fernandez we onuň hökümetiniň 11 sany agzasy maglumaty ýaşyrmakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýarlar we olaryň işi baş suduň garamagyna berilýär.
Aýyplanýanlaryň dördüsi tussag edildi. Dekabrda sudýa Bonadio kanun çykaryjylardan Fernandeziň jogapkärçilige çekilmekden el degrilmezlik hukugyny ýatyrmagy sorapdy. Kanun çykaryjylar sudýanyň talabyna jogap bermediler.
Fernandeziň jogapkärçilige çekilmekden el degrilmezlik hukugy onuň tussag edilmegine päsgel berýär.
2007-2015-nji ýyllaryň aralygynda Argentinanyň prezidenti bolan Fernandez ýurduň taryhyndaky iň agyr terrorçylyk hüjümine islendik gatnaşygy ret edýär.
1994-nji ýylda Argentinanyň we Ysraýylyň Buenos Aýresdäki bilelikdäki merkezinde bolan bomba partlamasynda 85 adam wepat boldy, ýüzlerçe adam ýaralandy. Eýran bu parlama gatnaşygy ret edýär.
