Moskwa Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň adam pidaly hüjümlerini gorady
20-nji fewralda BMG-niň we günbatar ýurtlarynyň onlarça çagany öz içine alýan weýrançylykly hüjümler bilen baglylykda aladalanma bildiren wagtynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow munuň esasly bolandygyny aýtdy.
“Bar bolan ylalaşyklar hasaba alnanda, terrorizme garşy göreş hiç zat bilen çäklendirilmeli däl” diýip, Lawrow Moskwada eden çykyşynda aýtdy.
Lawrow gündogar Ghouta regionyndaky ýagdaýlarda “Al Nusra” frontunyň söweşijilerini “ýaragly prowokasiýa üçin aýyplady”.
BMG, ABŞ we Ýewropa ýurtlary, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy toparlar Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň we dikuçarlarynyň 48 sagadyň dowamynda amala aşyran howa hüjümleriniň netijesinde raýatlaryň heläk bolmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.
