Orsýet meşhur sportsmenleriniň gyşky olimpiada gatnaşmagynyň gadagan edilendigini aýdýar
23-nji ýanwarda Orsýetiň Olimpiýa komiteti meşhur orsýetli sportsmenler Wiktor Ahnyň, Sergeý Ustýugowyň we Anton Şipuliniň 9-25-nji fewral aralygynda Günorta Koreýada sport bäsdeşligine gatnaşmak üçin Halkara Olimpiýa komitetiniň sanawyna goşulmandygyny aýtdy.
Dekabr aýynda Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň gyşky Olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizipdi we Moskwany halkara doping düzgünlerini “yzygiderli bozmakda” aýyplapdy, emma käbir orsýet sportsmenleriniň bitarap ýagdaýda gatnaşyp biljegini mälim edipdi.
19-njy dekabrda Halkara Olimpiýa komiteti bäsdeşlige rugsat berlen orsýet sportsmenleriniň sanyny 500-den 389 adama çenli çäklendirdi. Orsýetiň resmileri doping bilen bagly edilýän aýyplamalary ret edýärler.
