Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Февраль
2020

Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'

0
Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'

Türkmenistanyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenan sürüjileri köpçülikleýin saklap başlady. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary köçelerdäki reýdleriň soňky birnäçe günde aktiwleşendigini, zenanlara dürli bahanalar bilen sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden almak haýbatynyň atylýandygyny habar berýärler.

"Indi birnäçe gün bäri polisiýa zenan sürüjileri terror edýär. Her bir ädimde saklaýar, ähli zatdan bahana gözleýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy fewralda aýtdy.     

Onuň sözlerine görä, polisiýa zenanlaryň näme sebäpden saklanýandygyny düşündirmeýär.

"Zenanlary gören badyna, her bir ädimde saklaýarlar. Maňa aýdyşlaryna görä, ýene-de dilden edilen görkezme berlipdir dürli bahana bilen zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden almak hakynda" diýip, Azatlygyň habarçysy ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerine salgylanyp habar berýär.  

 

 

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy, täzesini alyp bilmän, möhleti geçen dokumentlerini çalyşyp bilmän çekýän kösençlikleri bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.

2019-njy ýylyň başynda Aşgabadyň polisiýasy köçelerde awtoulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalaryň esasynda olaryň sürüjilik sahadatnamalaryny ellerinden alyp başlady. Şonda Azatlygyň habarçylary hususy awtoulaglaryny sürmek gadagançylygynyň kanun goraýjy edaralarda işleýän zenanlara berlendigini habar beripdi. Soňra döwlet edaralarynyň zenan işgärlerine awtoulag sürmek gadagançylygy gowşady. 

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin talap edilýän dokumentleriň uly göwrüminiň sanawyna pasportyň nusgasy, köne sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy, ekzamenasion kartasy, familiýasy üýtgän bolsa, durmuş gurandygy hakyndaky şahadatnama we üç edaradan alnan medisina resminamalary girýär.      

Emma bu resminamalaryň ählisiniň polisiýa alnyp barylmagy sürüjilik şahadatnamasynyň beriljegini kepil geçmeýär.  

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy fewralda habar bermegine görä, ýylyň dowamynda dokumentlerini tabşyran aşgabatly zenan sürüjilere şu günki güne çenli sürüjilik şahadatnamalaryny ellerine almak başartmandyr.

"Sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti dolup, dokumentlerini tabşyran zenanlara täze şahadatnamalary henizem berilmedi" diýip, habarçymyz aýtdy. 

 

 

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar dokumentlerini kabul eden, emma sürüjilik şahadatnamalaryny henize çenli bermedik polisiýa işgärleriniň käbirleriniň sebäbini asla düşündirmeýändigini, beýlekileriň ýokardan edilen tabşyryga salgylanýandygyny ýa-da bir edaradan başgasyna ugradýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri zenanlaryň awtoulag sürmäge mümkinçilikleriniň köpçülikleýin çäklendirilmeginiň sebäbini resmi taýdan şu çaka çenli düşündirmediler. Bu mesele döwlet habar beriş serişdelerinde hem gozgalmady.   

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň kanunlary zenanlaryň erkekler bilen deň hukuklaryny güwä geçýär. 

Türkmen häkimiýetleriniň zenan sürüjilere garşy köpçülikleýin göreşi 2019-njy ýylyň fewral aýynda başlandy. Onuň çäginde zenanlaryň ençemesiniň sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alyndy. Şeýle reýdleriň biriniň wideo ýazgysy 2019-njy ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosyna gowuşdy. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва и Пекин подписали программу сотрудничества на 2024-2026 годы


Спорт в России и мире
Москва

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Кирилл Скачков

Кирилл Скачков из Новокузнецка стал победителем Игр стран БРИКС-2024


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

По каким признакам можно распознать машину-«утопленника»: лайфхак





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Вольфганг Амадей Моцарт

«Моцарт vs Шопен» от Amadeus Concerts



Москва

В Москве назначили дату прощания с погибшим военкором Никитой Цицаги

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net