'Ýok etmäge görkezme bar'. Koronawirusa garşy göreş öýsüz haýwanlara-da täsir ýetirdi
!['Ýok etmäge görkezme bar'. Koronawirusa garşy göreş öýsüz haýwanlara-da täsir ýetirdi](https://gdb.rferl.org/347318DF-8BE9-4C6B-8252-2B39A2ED7655_cx48_cy32_cw47_w800_h450.jpg)
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary paýtagtda itleriň we pişikleriň awlanmagynyň ýene-de güýçlendirilendigini habar berýärler. Itleri we pişikleri ýok etmek tabşyrygy jemagat gulluklarynyň we öý dolandyryş edaralarynyň işgärlerine berlip, häkimiýetler munuň zerurlygyny koronawirusyň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşdyrypdyr.