ABŞ Hytaýyň “Huawei” kompaniýasyny Eýrana protestleri yzarlamaga hemaýat bermekde aýyplaýar
ABŞ-nyň Adalat departamenti Hytaýyň “Huawei Technologies” tehnologiýa läheňini Eýrana ýurtdaky protestleri yzarlamak boýunça hemaýat bermekde aýyplady.
13-nji fewralda aýan edilen aýyplaýjy aktynda “Huawei” ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalarynyň altysyndan gizlin söwda maglumatlaryny ogurlamak boýunça dildüwşige girmekde we rekete garşy kanunçylygy bozmakda hem günäkärlenýär.
Sülçüleriň maglumatyna laýyklykda, “Huawei” Eýrany Tähranda turan hökümete garşy protestlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edipdir.
“Huawei 2019-njy ýylda Tähranda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalara gözegçilik etmäge, protestçileri ýüze çykarmaga we tussag etmäge ýardam beren gözegçilik enjamlaryny ornaşdyryp, Eýranyň hökümetine ýardam etdi” diýip, aýplaýjy aktynda bellenilýär.
“Huawei” Eýranda özüniň azyndan bir adamyny ýerleşdirmekde hem aýyplanýar. Bu ABŞ-nyň kanunlaryna çapraz gelýän hereketdir.
2019-njy ýylyň noýabryda eýran resmileriniň goýberilýän benzine çäklendirme girizmeginden we onuň bahalaryny ýokarlandyrmagyndan soň, Eýranyň 100-den gowrak şäherinde hökümete garşy protestler geçirildi. Bu wakalaryň fonunda, ýurt boýunça internet kesildi we polisiýa protestleri basyp ýatyrdy.
“Huawei” kompaniýasy Eýrana garşy girizilen ykdysady sanksiýalary bozýan ylalaşyklar barada banklara ýalan maglumatlary bermekde hem aýyplanýar.
Hytaý kompaniýasy, Demirgazyk Koreýa girizilen sanksiýalara hem garamazdan, Phenýan bilen biznes gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem günäkärlenýär.
Kompaniýa 13-nji fewralda beýanat ýaýradyp, onda özüne bildirilýän aýyplamalary “esassyz” atlandyrdy.