123ru.net
Azathabar.com
Февраль
2020

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus barada dymyp, alyp barýan çäreleri ilaty dowula salýar

0
Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy öňüni alyş çäreleri amala aşyrmagyny dowam etdirýärler. Hytaýdan barýan raýatlar karantine salynýar, Lebaba Aşgabatdan wirusologiýa boýunça bilermenler ugradylýar, ýerli bazarlarda adamlaryň gyzgynyny anyklaýan teplowizorlary oturtmak talaby edilýär, döwlet edaralarynda arassaçylyk çäreleri güýçlendirilýär. Türkmen häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri bu çäreler barada habar bermeýärler, bu ýagdaý ilatyň döwula düşmegine getirýär. 


5-nji fewralda Hytaýyň resmileri dünýä ýaýraýan täze koronawirusdan heläk bolanlaryň 490 adama, kesellänleriň sanynyň 24 müň adama ýetendigini habar berdiler.  


Türkmenistanda bolsa häkimiýetler global epidemiýa barada dymmagyny dowam etdirýärler. 


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýda ilatyň arasynda aladalanmalaryň güýçlenýändigini belleýärler. 


"Bar zat döwlet syry ýaly gizlin. Karantine düşen adamlar üzňelikde saklanýarlar, telefonsyz, internetsiz, maglumat almak we özleri barada habar bermek hukugyndan mahrum edilýärler" - diýip habarçymyz 5-nji fewralda habar berdi. 




 


 


Hytaýdan Türkmenistana barýanlaryň nirede saklanýandygyny türkmen resmileri aýtmaýarlar.


Habarçylarymyzyň sözlerine görä, esasy karantin ýeri Lebap welaýatynda, hususan-da, Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýär. Mundan başga, Hytaýdan 29-njy fewralda baran ýolagçylar Ahal welaýatynda Duşak obasynyň golaýynda ýerleşdirilipdir. Olaryň saklanýan şertleriniň we azyk üpjünçiliginiň ýaramazdygyny habarçylarymyz we çeşmelerimiz aýdýarlar. 


Şol bir wagtda-da, Türkmenistandaky habarçylarymyzyň soňky maglumatlaryna görä, türkmenistanlylaryň Hytaýdan getirilmegi dowam etdirilýär. 


"Şu gün Türkmenabadyň halkara aeroportuna uçarlar bilen Hytaýda okaýan türkmen studentlerini getirdiler. Olar bir aýlap çadyr lagerinde karantinde bolarlar" diýip, 4-nji fewralda Lebapdaky habarçymyz aýtdy. 


Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Türkmenistanyň we Lebap welaýatynyň resmilerinden tassykladyp bilmedi.   




 


 


Soňky günlerde Lebap welaýatynyň medisina işgärleri edara-kärhanalara aýlanýarlar we dem alyş ýollary arkaly ýaýraýan kesellerden goranmagyň zerurdygyny duýdurýarlar, emma olar koronawirusy agzamaýarlar. 


Munuň bilen bir wagtda-da Lebabyň döwlet edara-kärhanalarynda goşmaça arassaçylyk işleri geçirilýär, welaýata Aşgabatdan wirusologiýa boýunça bilermenler ugradylýar, ýerli bazarlarda adamlaryň gyzgynyny anyklaýan gurallary oturtmak talaby edilýär, mekdeplerde düşündiriş çäreleri geçirilýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.   


​Şeýle-de, habarçylarymyz häkimiýetleriň ilatyň arasynda dowul döremeginiň öňüni almak ugrunda käbir düşündirişleri berýändigini hem aýdýarlar.  


"Mary şäheriniň A.Nyýazow köçesinde ýerleşýän № 21 mekdebiniň müdiri irki ýygnakda okuwçylara ýuzlenip, 'ýüzüňize dakylýan maska gözläp ýörmäň , we howsala düşmäň, bizde Hytaýdaky wirus ýok' diýdi" - diýip, Marydaky habarçymyz 5-nji fewralda aýtdy.


Onuň sözlerine görä, mekdepleriň köpüsinde ýygnaklar geçirilipdir we mugallymlardan hem ene-atalardan dowula düşmezlik, çagalaryň her ýarym sagatdan ellerini ýuwmagyna we diňe gaýnadylan suw içmegine gözegçilik etmek talap edilipdir.  




Şu günler Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzi maskaly adamlar köpeldi.


"Ähli mekdepleriň okuwçylary sapaklara maskaly barýarlar.  Adamlar wirusdan gorkýarlar, biziň ýurdumyzda bar zat gizlinlikde saklanýandygy sebäpli, wirus dörese-de muny hiç kimiň bilmän galmagy ähtimal" - diýip, Marydaky habarçymyz belleýär. 


Munuň bilen bir wagtda-da käbir edaralarda arassaçylyk üçin hlor ýaly serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi, dermanhanalarda bolsa wirusa garşy derman gytçylygynyň döreýändigi habar berilýär. 


Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýä ýaýraýan şu çaka çenli näbelli koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzadylar. Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu barada çap bolan maglumatda ýurtda ilaty zerur dermanlar we medisina serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görlendigi habar berildi. 




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о проектах финалистов московских технологических конкурсов


Спорт в России и мире
Москва

Собянин: Москвичи завоевали золото на международной астрономической олимпиаде


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Теннисистка Касаткина прошла в полуфинал турнира WTA в Сеуле


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Черный аист и тушканчик: стало известно, кого можно увидеть в Подмосковье





Путин в России и мире
Москва

Главы России и Туркменистана подтвердили настрой на укрепление партнерства стран


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Николай Лукашенко рассказал, как готовился к выступлению на «Минск-Арене»




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский хочет вступить в НАТО до завершения полномочий Байдена


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Пианист

Пианиста Луку Сафронова выволокли из такси бизнес-класса в Петербурге



Москва

Московские кондитерские фабрики засудили на 1,1 млн рублей ИП из Ростова

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net