Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2021

Новости за 12.11.2021

Lebapda solýarkanyň gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda awtoulaglar üçin niýetlenen nebit önümi bolan solýarkanyň gytçylygy emele geldi. Munuň bilen bagly welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki ýangyç guýýan beketleriň käbirinde awtoulaglaryň uly nobatlary döredi. Bu gytçylyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini eksport eden mahalyna gabat geldi.

Hökümet pagta planynyň dolandygyny, kärendeçiler hasylyň pes bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Resmi metbugat 2021-nji ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary sebitde pagta hasylynyň pes bolandygy sebäpli borçnamany dolup bilmedik kärendeçileriň köpdügini aýdýarlar. Bu aralykda, Maryda döwlet telewideniýesine ýazgy etmek üçin nobatdaky köpçülikleýin mejbury çäre geçirildi. "Hasyl toýy" mynasybetli geçirilen çärä býujet işgärleri, talyplar we çagalar mejbury gatnaşdyryldy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar 20-nji oktýabrda Orsýetde ýitirim bolan türkmen oppozisiýa agzasy Azat Isakow Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edildi diýip, pikir edýärler. Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" we "Türkmen Helsinki fondy" guramalary ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Azat Isakowyň alyp baran işleri we ýitirim bolmagynyň jikme-jikleri barada habar berdiler. Munuň öňýany Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Isakowyň Türkmenistana meýletin uçandygy barada resmi jogap berendigi milim boldy. Читать дальше...



Ykdysady krizis: "Biz mundan öň beýdip kese ýol gözläris öýtmändik"

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisden, şol sanda işsizlikden, azyk gymmatçylygyndan we gytçylygyndan ejir çekýän raýatlaryň eklenç üçin galplyklara, aldaw ýoly bilen gazanç etmäge baş urýandygy baradaky habarlar artýar. Şu günler Mary welaýatynda lukmanlara para berip, maýyplyk hatyny almaga synanyşýan sagat adamlar köpelýär. Bu barada maryly lukmanlar we bu ýagdaýlary başdan geçirýän raýatlar Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler. "Häzir ýurtda işsizlik, garyplyk gurşap alansoň... Читать дальше...

Aşgabadyň polisiýasy nobatlary 'düzgünleşdirmäge' çalyşýar we mobil telefony bolan adamlary saklaýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy çörek nobatlaryndaky alyjylara gözegçiligini güýçlendirdi we nobatda duran adamlaryň jübi telefonlaryny ulanylmagynyň öňüni almaga çalyşýar. Şeýlelik bilen polisiýa dükanlaryň öňünde bolup geçýän ýagdaýlary görkezýän wideo ýazgylaryň we suratlaryň köpçülige elýeterli bolmagynyň öňüni almaga synanyşýar. Ir bilen, entek ýagty düşmänkä Türkmenistanyň paýtagtynda çörek satyn almak üçin uzyn nobatlar soňky hepdelerde adaty bir zat boldy. Dükanlar entek açylmanka alyjylar eýýäm köpçülik... Читать дальше...

Gaz üpjünçiligi basyş guraly hökmünde. Russiýa Günbatar bilen nähili oýun oýnaýar?

Azathabar.com 

Gaz geçirijisini girew düzgünine öwürmek. Ýowuz energiýa şertnamalary. Göge ýetip barýan bahalar. Ýewropada "gyş närazylygy" ýaňy başlanýar. Munuň bir sebäbi Ýewropa Bileleşiginiň energiýa syýasaty saýylýar, emma sebitiň iň uly gaz üpjün edijisi bolan Russiýanyň niýetlerine şübheler hem artýar. Mundan başga-da, rus resmileriniň aýdan sözleri-de oňa itergi berdi. Oktýabr aýynda Moskwada geçen energiýa konferensiýasynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň energiýa çeşmelerini ýene-de... Читать дальше...

Türkiýe ýakyn gündogarly raýatlary Minsk ugry boýunça uçarlara goýbermeýär, ÝB-Belarus serhedindäki krizis ýitileşýär

Azathabar.com 

Belarusyň döwlet eýeçiligindäki “Belawiýa” howaýollary gullugy Türkiýeden yrakly, siriýaly we ýemenli raýatlary Belarusa getirmegini togtadandygyny mälim etdi. 12-nji noýabrda “Belawiýa” bu karara Türkiýäniň haýyşy esasynda gelendigini aýtdy. Bu aralykda, Belarus bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky serhetdäki migrant krizisi barha ýitileşýär. Mundan bir gün öň, BMG-de Günbatar döwletleri ýakyn gündogarly müňlerçe adamyň Belarus bilen Polşanyň serhedinde gabalmagyna getiren Belarusyň alyp barýan syýasaty sebäpli Minski ýazgardylar. Читать дальше...

BMG-niň klimat konferensiýasynyň soňky gününde täsirli ylalaşyk üçin “aýgytly pursat” döredi

Azathabar.com 

BMG-niň Şotlandiýada geçýän klimat boýunça sammiti 12-nji noýabrda öz işini jemleýär. Iki hepde dowam eden maslahatyň dowamynda global maýlamany selsiý boýunça 1,5 gradus derejede peseltmek üçin kömürturşy gazlaryny azaltmak barada häzire çenli ylalaşyga gelmek başartmady. Maslahatyň jemlenmegine bir günüň galmagy bilen, dünýä döwletleriniň göz öňünde tutulýan maksada ýetmek üçin, gysga möhletde kömürturşy gazlarynyň möçberini azaltmak ugrundaky tagallalary güýçlendirmek boýunça ylalaşyga golaýlandygyna meňzemeýär. Читать дальше...

Hytaýyň kommunistleri ‘taryhy’ duşuşygy jemläp, Şiniň häkimiýetini hasam güýçlendirdiler

Azathabar.com 

Hytaýyň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýanyň täsirli merkezi komiteti, Pekinde dört günläp dowam eden maslahatyň dowamynda, prezident Şi Jinpingiň häkimiýetdäki güýjüni hasam berkitdi. 12-nji noýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen maslahata gatnaşan komitetiň 400 töweregi agzasy “taryhy” diýlip häsiýetlendirilen rezolýusiýany kabul edip, onda 68 ýaşly Şini “dolandyryjy” we “halkyň lideri” diýip atlandyrdy. Bu Şini ozalky uzak wagtlap lider bolan Mao Zedong we Deng Şiaoping bilen bir hatarda goýýar. Читать дальше...

Russiýanyň Baş prokuraturasy “Memorial” hukuk merkeziniň şahamçasyny ýapmak isleýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Baş prokuraturasy Ýokary suda ýüzlenip, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan ýurduň iň belli “Memorial” toparynyň halkara şahamçasyny ýapmagy sorady. Prokuratura topary ýurduň dawaly “daşary ýurt agenti” baradaky kanunynyň talaplaryna boýun bolmazlykda aýyplaýar. “Halkara Memorial” 2016-njy ýylyň oktýabrynda “daşary ýurt agentleri” sanawyna goşulypdy. Topar bu iş boýunça diňlenişigiň 25-nji noýabrda boljakdygy barada 11-nji noýabrda mälim etdi. “Halkara Memorial” “daşary ýurt agenti”... Читать дальше...

Спорт в России и мире
Москва

К.ВАЛИЕВА, 23 КИТАЙЦА, WADA помогают раскрыть сеть секретных преступных отделов. Дело Скрипалей можно дополнить с пользой.


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Павлюченкова и Потапова не смогли выйти в финал турнира WTA в Мадриде в парном разряде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Лесопожарные станции в Подмосковье получили новые грузовики





Путин в России и мире
Москва

Председатель Госдумы Володин: Путин спас Россию


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Польский судья Шмидт попросил защиты у Лукашенко и политического убежища в Белоруссии




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певица

Певица Айсылу Чижевская передумала разводиться со своим приемным сыном



Москва

Агроном Воробьев: «утеплять» в заморозки нужно даже тепличные растения

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net