Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28
29
30

Çärä çekilen çagalar sowuklady, lukmanlar gyzlaryň geljegini alada edýär

0
19-njy aprelde, bazar güni Balkanabatdaky şäher mekdepleriniň her bir synpyndan 5 okuwçydan, şol sanda çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlary toplap, ýörite awtobuslara mündürip, irden sagat 5-de Atly sport toplumynda, aýlawda geçirilýän çärelere alyp gitdiler, çagalaryň dabaraly çärelere, mejbury zähmete çekilmegi ene-atalary gynandyrýar diýip, ýerli çeşme 21-nji aprelde habar berdi.
Uly adamlaryň we gyzjagazlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre apreliň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Bedew baýramy mynasybetli gurnalyp, öňünden telewideniýe üçin ýazgy edildi diýip, Azatlygyň habarçysy ýazdy.
Bu habar döwlet telewideniýesiniň 19-njy aprelde “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek üçin guralan uly dabara gatnaşdyrylan onlarça mekdep okuwçysyny görkezen wagtynyň yz ýanyndan geldi."Çärä giden çagalaryň köpüsi ýarawsyzlyk tapyndy"Başlaryna gupbaly tahýa, eginlerine ak keteni köýnek geýen gyzjagazlar salkyn howada galdyrap, ir säherden günortan 13:00-a çenli elleri şarly, dik aýak üstünde, açyk howada durmaga mejbur edildi diýip, balkanabatly çeşme aýtdy.


Çärä giden çagalaryň köpüsi ýarawsyzlyk tapyndy diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň biri häkimiýet wekilleriniň howa ýagdaýyny we çagalaryň saglygyny göz öňünde tutmazlygyndan nägileligini bildirdi.
“Çärä giden çagalar dümewläp geldiler. Ir sagatlarda stadionyň hemme ýerine gün düşüp ýetişmeýär, onuň kölege tarapynda saklanan çagalaryň köpüsi syrkawlady. 1-nji gün okuwa gitmäge ýaramadyk çagalary hassahana sanjym almaga gatnadyp başladyk” diýip, gyzy şäheriň 1-nji mekdebinde okaýan orta ýaşly ene gürrüň berdi. Bu enäniň we onuň 3-nji synpda okaýan gyzynyň atlary howpsuzlyk aladalary üçin aýdylmaýar.
Söhbetdeşimiz çärede geýilmeli ak keteni köýnegi prokatdan 150 manada alandygyny, gupba we şar, baýdak üçin 100 manat çykarandygyny, ýöne çäreden soňky çykdajysynyň has kän bolandygyny, ýagny 1 müň manatlyk sanjym dermanyny satyn alandygyny gürrüň berdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ene-atalar çäreleriň diňe çagalaryň wagtyny, saglygyny ogurlaman, eýsem olaryň kanuna, adalata, döwlet ýolbaşçylaryna bolan ynamyny, hormat-sylagyny hem azaldýar.
Üç arka barlagy 'çagalary bölýär'“Çärelere gatnaşmaly çagalary, uly adamlar babatynda bolşy ýaly, diňe saýlap alýarlar: birinji talap - çaganyň üç arkasy arassa bolmaly. Ikinji talap - çagalaryň ene-atalary gurply, ýagny pully adamlar bolmaly” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy özüni bu meseläniň diňe maddy däl, eýsem, ruhy tarapynyň köp oýlandyrýandygyny, çäre gatnaşan çagalaryň käsiniň soň özüni çärä gatnaşmadyk çagalardan ýokary saýýandygyny, goly ýuka maşgalalaryň çagalarynyň bolsa kemsinýändigini hem sözüne goşdy.
Ýerli hünärmeniň tassyklamagyna görä, üç arkasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilen adam bolsa, çagalar welaýat derejesindäki çärelere gatnaşdyrylmaýar.
“Bu çagany ruhy taýdan çökermek bolýar, beýle çagalaryň arasynda ene-atalaryna ‘meni döwlet çärelerine, telewidenýede görkezilýän sahnaly ýerlere alyp gitmeýärler’ diýip, öýe gelende kemsinip aglaýanlary-da bolýar. Üç arkasy ‘gowy’ hasaplanmadyk çagalar teatr oýunlaryna, sirk oýunlaryna-da goýberilmeýär. Adamlar arasyndaky dereje bölünişigi, gara donly çagasy sanawy ýerli häkimlikde hem ýöreýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.


Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumata görä, aýlawda geçirilen çärä ýüzlerçe çaga gatnaşypdyr we olara, ene-atalaryndan 20 manatdan pul ýygnap, pampers geýdiripdirler.
Lukman gyzlaryň sowukdan goralmagyna çagyrýarÜşän çagalaryň arasynda pampersleri dolup, sowuklan gyzjagazlaryň hem bolandygyny anonimlik şertinde gürleşen lukman hem tassyk etdi.
Onuň sözlerine görä, ýaşlykda gaty üşän gyzlaryň soň çaga, nesil öndürmek meseleleri ýüze çykyp biler we gyzlary sowukdan goramak, bu hili çärelerden alyp galmak barada ozaly ene-atalar alada etmeli we, saglyk, magaryf işgärleri, intelligensiýa wekilleri çäreler we çagalar meselesine ýurduň geljegi nukdaý nazaryndan seretseler, diňe şu güni bilmeseler gowy bolardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net