Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Ene-atalar pul bermän, mekdepden hasap soraýarlar

0

Tejen etrabyndaky orta mekdeplerde okaýan çagalaryň ene-atalary synp otaglarynyň abatlaýyş işleri üçin soralýan pullary bermän, täze okuw möwsümi başlananda sowadyjy (kondisioner) üçin ýygnalan puluň hasabyny soraýarlar diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär. Synçylar diňe mekdeplerde däl, beýleki edaralarda hem ilatdan ýygnalýan puluň açyk hasabatynyň ýokdugyny, "bu eden-etdiligiň adaty bire zada öwrülendigini" aýdýarlar.

“Okuw möwsümi başlanda, ‘çagalaryňyz yssy howada horlanmasyn, sowadyjy kondisioner aljak’ diýip, 60 manatdan, gurply hojalyklaryň çagalaryndan 200-300 manatdan pul ýygnadylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň, çagalarynyň okaýan mekdebiniň anyk aýdylmazlygyny soran raýat Azatlygyň habarçysyna aýtdy

Birnäçe ene-atanyň tassyklmagyna görä, ene-atalar şonda, ýagny sowadyjy puly ýygnalanda çagalarynyň okaýan synpyna girip görýärler we mugallymlar olara köne, hatardan çykan kondisioneri görkezip, ony täzelemk wadasyny berýärler. Ýöne bu wada ýerine ýetirilmeýär.

Adata öwrülen 'eden-etdilik'“...şu güni synp otagyna täzeden girip, remont üçin soralan puly tabşyrmak isledik. Biz birnäçe ene-ata bolup barypdyk. Aramyzda biri pul bermekden ýüz öwürýändigini aýdyp, ‘okuw möwsümi başlananda kondisioner üçin beren pulymyz nirede, şol döwük, hatardan çykan kondisioner şindem çalşylmandyr-la? Ýa ýene, täze okuw ýyly başlananda, şol köne sowadyjyny görkezip, pul toplajakmy?’ diýdi.”

Habarçy bilen gürleşen ene-atalaryň sözlerine görä, adamlara görkezilýän köne sowadyjynyň näçe ýyl bäri bikanun pul çöplemek üçin ulanylýandygy belli däl.

“Biziň çagalarymyzyň synp otaglary her ýyl üýtgeýär, şu ýyl bir synp otagynda bilim alsalar, indiki okuw ýylynda başga synplara geçirilýär” diýip, ene-atalaryň biri munuň okuwçylardan toplanan puluň hasabyny soramaz ýaly etmek üçin ýörite tapylan oýun bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

“...synp otagy üçin diýseler, ençeme gezek dürli sebäpler esasynda pul berdik. Hany, görkeziň, näme üýütgedi? Her ýyl her her synpdaky okuwçylardan pul ýygnalýar, eger-de kondisioner almadyk bolsaňyz, onda alyň, biz hem gelip göreli, eger-de almajak bolsaňyz, pullarymyzy yzyna gaýtaryp beriň, biz siziň pul sesiňizden halys ýadadyk” diýip, ene-atalaryň biri meseläni kesgin goýýar.

Bilim derejesi 'peselýär', ýygnalýan pul 'köpelýär'Şeýle-de, olar çagalara berilýän bilimiň derejesiniň pesdigini, ‘üýtgeşik bilim berilmeýändigini’, mugallymlaryň her ýyl ‘çärýek bahalaryny düzedelimi?’ diýip, gedaý ýaly el serip, ene-atalardan pul hamtama bolýandyklaryny aýdýarlar.

Mekdebe baran ene-atalar “...besdir indi, mundan artyk size çydap, [bu sütemi] çekip bolanok” diýen enäniň arkasynda durup, ony goldapdyrlar diýip, habarçy ýazýar.

Azatlygyň habarçylarynyň öňki ýyllarda hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda mekdep mugallymlarynyň okuwçylardan dürli zerurlyklar, iş şertlerini gowulandyrmak üçin pul soramagy onlarça ýyl bäri dowam edýär.

“...zanaweska tuty, gül, baýdak, prezidentiň suratyny çalyşmaly, gigiýena üçin çyg salfetka almaly” diýen ýaly zatlara pul ýygnalýar, emma synplaryň içinde, mekdebiň daşky görnüşinde üýtgeýän zat ýok, diňe mugallymlaryň daş sypaty üýtgeýär. Olar gymmat köýnek, gyzyl ýüzik, zynjyr, gulakhalka, braslet ýaly zatlary satyn alýar” diýip, Ahaldaky habarçymyz ene-atalaryň sözlerine salgylanyp ýazýar.

Olar, ene-atalar, çagalarynyň okaýan mekdeplerini abatlamak üçin beren pullarynyň mugallymlaryň, mekdep müdiriniň hojalygyny gurplandyrmagyny, öz hojalygyklarynyň bolsa aşak çökmegini islemeýändiklerini aýdýarlar.

Adamlar prokuratura 'ynanmaýarlar'Bu ýagdaýyň saklanmagy, habarçy bilen pikirini paýlaşan birnäçe tejenliniň ynanjyna görä, hukuk goraýjy edaralaryň, hususan-da prokuratura iäşgerleriniň öz wezipe-porçlaryny kanun esasynda ýerine ýetirmezligi, döwlet ýolbaşçysynyň bu meselä baş galdyrmazlygy bilen bagly.

Adamlar prokuratura ýüz tutmakdan saklanýarlar, sebäbi raýatlaryň arzlarynyň diňlenjekdigine kän ynanmaýarlar, “baýlaryň çagalary hukuk goraýjy, lukman, mugallym, müdir boldular, olar garyp halkyň ýagdaýyna düşinmez” diýýärler diýip, Tejenden gelen habarda bellenýär.

Mekdeplerdäki bilim derejesiniň ýyl-ýyldan peselmegi we ene-atalardan ýygnalýan serişdeleriň köpelmegi sebäpli bildirilýän aladalara resmi düşündiriş almak mümkinçiligi bolmady we bu golaýda, ene-atalar öz çagalarynyň geljegine has jogapkärçilikli garamasalar, boljaga hem meňzemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net