Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen wakalar köpelýär

0
Türkmenistanda raýatlaryň Aşgabat halkara aeroportundan daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalar göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almak bilen bagly emeli päsgelçilikleri döredýändigini aýdýar.


“Türkmenistany terk etmäge synanyşýan türkmen raýatlarynyň esasan resminamalarynda, hamala, kemçilik bar ýaly edilýär. Ýurduň migrasiýa, serhet gulluklarynyň işgärleri we MHM-niň ofiserleri raýatyň pasportyndaky möhüriň örän solukdygyny, okap bolmaýandygyny bahana edýärler. Men olara möhüriň aç-açan görnüp durandygyny aýtsam-da, meni uçara goýbermediler” diýip, türkmen raýaty anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Ýakynda daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmedik türkmenistanlylaryň başga-da birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Aeroportuň resmileri raýatlaryň pasportynyň ýazgylaryndaky käbir harplaryň öçügsidigini hem bahana edip, olary uçara goýbermeýärler.


Ýolagçylaryň "tas 40 göterimi yzyna gaýtaryldy"

“Migrasiýa, serhet gulluklarynyň işgärleri we MHM-niň ofiserleri bu çäklendirmeleri ýurduň Migrasiýa hakyndaky kanunyň käbir maddalaryna salgylanyp esaslandyrýarlar. Ýogsa bu ýolagçylaryň ähli resminamalary, şol sanda wizalary düzüw” diýip, ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Azatlykda bu türkmenistanlylaryň haýsy senelerde, haýsy ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmändigi barada takyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.


Habarçymyzyň Aşgabadyň aeroportundaky çeşmesi raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň köpelendigini tassyklap, şu ýylyň başyndan bäri dürli bahanalar esasynda ýolagçylaryň tas 40 göteriminiň yzyna gaýtarylandygyny aýdýar.


“Bu ýolagçylar esasan “myhmançylyk” ýa-da “syýahatçylyk” wizalary bilen Türkiýä we Russiýa barýan raýatlardyr” diýip, çeşmämiz bu çäreleriň anyk sebäbini düşündirmedi.


Uçara goýberilmedik ýolagçylar özleriniň wiza we bilet çykdajylarynyň hem öweziniň dolunmaýandygyny aýdýarlar.




$1000-e golaý ýitgi

“Türkmenistan howaýollary kompaniýasynyň awiakassalaryndaky işgärler petekleri öňünden gaýtarýan ýolagçylara 50 göterim puluny gaýdyp bermek mümkinçiliginiň bardygyny, uçar wagty geçen petegiň pulunyň hiç bir göteriminiň yzyna berilmeýändigini aýdýarlar. Biz myhmançylyk wizalary üçin 240 dollar, syýahatçylyk wizalary üçin 80 dollar hem töledik. Ilçihanalar hem wizanyň puluny yzyna gaýtaryp bermeýärler. Her bir ýolagçy 1 müňe golaý dollar ýitgi çekdi” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy aýtdy.


Azatlyk bu barada Aşgabat halkara aeroportundan we Döwlet Migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, daşary ýurtlara işlemäge, ýaşamaga, okamaga ýa-da göçüp gitmek isleýän raýatlaryň sany köp bolmagynda galýar.


Ýurtda daşary döwletlere barýan raýatlaryň ýolunyň baglanmagy, uçara goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Bu barada habarçylarymyz soňky bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek maglumat berdiler.


Geçen ýylyň iýulynda kanun goraýjy edaralardaky çeşmämiz raýatlaryň daşary ýurtlara syýahat etmegine degişli gözegçilik işleriniň güýçlendirilendigini gürrüň berdi.


Häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Ýerli synçylar muny “häkimiýetleriň ýurduň barha azalýan ilatyny Türkmenistanda saklap galmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net