Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

HRW: Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşdy

0
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň häkimiýetleri 2024-nji ýylda başgaça pikirlenýänlere garşy basyşlary we söz azatlygyna bolan gözegçiligi güýçlendirip, has köp hökümet tankytçylaryny, aktiwistleri we žurnalistleri tussag etdi, käbir ýagdaýlarda reforma wadalarynyň aňyrsynda gizlendi diýip, Human Rights Watch guramasy 2025-nji ýyldaky Bütindünýä hasabatynda (World Report 2025) aýdýar.


“2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri tankydy pikirleri aýdýan aktiwistleri we žurnalistleri gorkuzmagy, olara azar bermegi we yzarlamagy güýçlendirdi” diýip, HRW-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa müdiri Hugh Williamson 16-njy ýanwarda ýaýradylan beýanatda belleýär.


Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda barha köp aktiwist diňe söz azatlygy ýa-da parahatçylykly oppozisiýa işjeňligi hukuklaryny ulanandygy üçin türmä basylýarka, olaryň ýagdaýyna ünsi çekmegiň we boşadylmagy üçin basyş etmegiň örän möhümdigini hem nygtady.


Hasabatyň Türkmenistana degişli bölüminde türkmen hökümetiniň erkin pikir beýan etmäge we maglumat elýeterliligine doly gözegçilik etmekde berk çäklendirmeleri saklap galandygy aýdylýar.


“[Türkmenistan] käbir raýatlaryň daşary ýurda gitmegini esassyz we sebäpsiz gadagan etmegi dowam etdirdi we daşary ýurtlardaky konsullyklarynda täze pasport bermekden ýüz öwürdi. Häkimiýetler daşary ýurtlarda ýaşaýan we Türkmenistana deportasiýa edilen birnäçe adamy saklady we tussag etdi” diýlip, hasabatda bellenilýär.


HRW özüniň 546 sahypalyk hasabatynda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn etdi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net