Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Stambulda ýasama spirtli içgiler sebäpli ölenleriň sany 23 adama ýetdi

0
Türkiýäniň Stambul şäherinde soňky üç günüň dowamynda ýasama spirtli içgiler sebäpli ölenleriň sany 23 adama ýetdi. Bu ýagdaýlar barada türk habar serişdeleri maglumat berýär.


Stambulyň häkimliginiň 15-nji ýanwarda ýaýradan beýanatyna görä, 13-nji ýanwardan bäri şäherde 66 adamyň ýasama spirtli içgilerden zäherlenendigi hasaba alyndy.


“Zäherlenen adamlardan 23 sanysy öldi, 32 sany näsagyň saglyk ýagdaýy agyr bolup, olaryň bejergisi dowam edýär. Şol bir wagtda, başga-da sekiz näsagyň bejergisi adaty otaglarda dowam edýär. Bejergisi tamamlanan üç adam hassahanadan boşadyldy” diýlip, beýanatda bellenilýär.


Türk metbugaty ýasama içgiler sebäpli üç türkmenistanlynyň ölendigini, ýasama spirtli içgileri öndürmekde we satmakda güman edilýän iki türkmen raýatynyň tussag edilendigini habar berdi.


Stambulyň häkimi Dawut Gül 14-nji ýanwarda şäherde ýasama spirtli içgileri satýan 63 sany edara-kärhananyň ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygyny we ýapylandygyny habar berdi.


"Ýasama/bikanun spirtli içgileri satmak bilen ölüme sebäp bolanlaryň hemmesi anyklanýar we jogapkärçilige çekilýär. Seresap boluň! Ölüm hadysalary artýar" diýip, Gül "X" sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.




Özbegistanyň Stambuldaky Baş konsulhanasy özüniň Telegram sosial ulgamyndaky sahypasynda çap eden maglumatynda ýasama içgiler sebäpli ölen özbek raýatlarynyň sanynyň alty adama ýetendigini habar berdi.


"Bulardan 5 sanysy erkek we bir sanysy aýal" diýlip, 14-nji ýanwarda çap edilen habarda bellenilýär.


Bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Stambuldaky konsulhanasy häzire çenli haýsydyr bir beýanat ýaýratmady.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net