Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Balkanda azyk önümleri birnäçe esse gymmatlady

0
Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri azyk önümleriniň ençemesi gymmatlady. Balkan welaýatynda gök-önümleriň bahasy birnäçe esse ýokarlanypdyr.


Türkmenbaşynyň, Balkanabadyň we welaýatyň beýleki şäherleriniň bazarlaryna baryp gören habarçymyzyň maglumatyna görä, täze ýylyň birinji hepdesinde azyk önümleriniň bahasy 2 we 3 esse ýokarlanypdyr.


Gymmatlan harytlaryň arsynda kartoşka, sogan, käşir, bulgar burç, kelem, şeýle-de tüwi we mäş ýaly önümler bar.


"Ýanwaryň ilkinji bäş gününde dekabr aýy bilen deňeşdirilende bahalar Gyzylarbatda, Bereketde we Balkanabatda 2 esse, Çelekende we Türkmenbaşyda 3 esse gymmatlady" diýip, habarçymyz Balkandan habar berýär.




Ýurtda azyk önümleri yzyly-yzyna gymmatlaýarka, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany döwlete degişli söwda nokatlarynda önümleriň käbir görnüşleriniň söwdasy ýola goýlupdy, şol sanda miwe we gök önümleri biraz arzanlandyrylan bahadan alyjylara hödürlenipdi.


"Baýramçylyk mynasybetli 7 we 8 manatdan satylan arzan almalar şu günler 25 manada çenli gymmatlady. 8 manatdan satylan pomidor 23 manada, hyýar 20 manada satylýar" diýip, habarçymyz bazardaky nyrhlary sanap geçýär.


Şu günki nyrhlar bir aý mundan öňki, ýagny dekabr aýynyň başyndaky nyrhlar bilen deňeşdirilende 4 manatlyk soganyň bir kilogramy 10 manada, 3,5 manatlyk käşir bolsa käbir ýerlerde 8 manda, beýleki ýerlerde 12 manada çenli gymmatlapdyr.


Şeýle-de, ýeralmanyň bahasy iki esseden gowrak ýokarlanyp, bir kilogramy 6 manatdan 12-15 manata ýetipdir.


Bulgar burçyň bahasy görlüp eşidilmedik derejede ýokarlanypdyr. Öň 15 manatdan satylan bulgar burçyň bir kilogramy 60 manatdan, käbir nokatlarynda hatda 85 manadan satylýar.


Ilat köpçüligi tarapyndan köp satyn alynýan käbir azyk önümleri balkanyň döwlete degişli söwda nokatlarynyň tekjelerinden doly aýrylypdyr. Hususan-da towuk budy Täze ýylyň öňýany döwlet dükanlarynda bir kilogramy 15 manatdan satylan bolsa, şu günler diňe hususy söwda nokatlarynda bir kilogramy 30 manatdan satylýar.


Ýerli bazarlarda gymmatlan azyk önümleriň arasynda tüwi we mäş bar. Olaryň bahasy dekabryň başyndaky nyrhlar bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlanypdyr.


Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly alyjylar azygyň gymmatlamagy bilen baglylykda lapykeç bolýarlar. Köp maşgalalar öz azyk üpjünçiliginiň öňem örän gowşakdygyny aýdýarlar.


"Azyk 2-3 esse gymmatlady. Komunal hyzmatlar, suw we elektrik energiýasy üçin tölegleriň nyrhy hem göterildi. Biz nädip ýaşamaly? Gazananymyz bir aýa ýetmeýär" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.




Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri azyk önümleriniň gymmatlamagyny agzamady. Resmi habarlarda diňe şu ýylyň başyndan aýlyklary, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň we stipendiýalaryň 10% artdyrylandygy aýdyldy.


Prezidentiň 2025-nji ýylyň başyndan aýlyklaryň galdyrylmagy barada 2024-nji ýylyň tomsunda gol çeken kararyna görä, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat möçberinde bellendi, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat möçberdäki san ulanylýar. Emma iş ýüzünde pensionerleriň ençemesiniň pensiýasy 200 manatdan geçmeýär.


Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesi we adam başyna ýaşamak üçin zerur çykdajylaryň mukdary barada resmi sanlar çap edilmeýär. Ýurtda alyjylaryň sebedi diýen ykdysady düşünje ýöredilmeýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net