Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkmenabatda internet ulanyjylar GPON ulgamyna birikmekde kynçylyk çekýär

0
Türkmenabadyň birnäçe etrapçalarynyň ýaşaýjylary, ýerli internet prowaýderiniň şäher ýaşaýjylaryny internetiň hilini gowulandyrýan täze GPON ulgamyna birikdirmekden ýüz öwürýänligini aýdýarlar. "Türkmentelekomyň" ilata hödürleýän bu hyzmaty Lebap welaýatynda soňky aýlarda ornaşdyrylyp başlanypdy.


"Telekoma baryp bizi hem täze internet ulgamyna birleşdirmekligi haýyş etdik. Bize diňe 'bolanok' diýip, jogap berdiler. Emma Çärjew etraby täze internet ulgamyna birleşdirilýär. Näme sebäpden şäheri birleşdirmeýärler?" diýip, Türkmenabadyň 2-nji etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.


GPON tehnologiýasy ornaşdyrylanda optiki süýümli kabeller çekilip, maglumatyň geçirijiligi ýokarlanýar.




Türkmenistanyň döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Lebap welaýat şahamçasynyň sebitiň telekommunikasiýa ulgamlaryna GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýandygy barada geçen ýylyň noýabrynda habar berlipdi. Şondan bäri Internet tizligini artdyrýan bu täze tehnologiýalara ilat tarapyndan gyzyklanma artýar.


Türkmenabatlylar täze ulgama tiz wagtda geçmegi arzuw edýändikerini aýdýarlar.


“Hawa, internet petiklemelerinden geçmek üçin VPN ulanýarys, emma GPON ulgamynda geçen doganym, internetiň durnukly akymynyň bardygyny begenip gürrüň berýär. Meniň öýümdäki internet her minutda üýtgäp durýar. Bir seretseň 120 kb/s, bir seretseň 50 kb/s görkezýär. Emma meniň tarif planym 4 mb/s" diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy gürrüň berýär.


Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, Lebap welaýatynda GPON hyzmatyna çatylmakda kynçylyk çekýän ýaşaýjylaryň öý telefon nomerleri “1, 2, 3, 4, 5 we 6” sanlary bilen başlanýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenabadyň demirgazyk sebitinde il arasynda “Daça” diýip tanalýan etrapçada telefon liniýalary çekilýär we GPON üçin optiki süýümli kabeller geçirilýär.


“Daça sebitine 7-lik telefon belgisi berildi. Olara telefon liniýalary bilen bir hatarda täze internet liniýalary geçirilýär" diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosy Lebapda ornaşdyrylýan GPON tehnologiýasynyň ilat üçin elýeterliliginiň şertleri we çäklendirmeleriň sebäpleri barada "Türkmentelekom" kompaniýasyndan maglumat alyp bilmedi.


Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamynda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar internetiň tizligini artdyrmaga mümkinçilik berýän hem bolsa, Internetiň petiklenmegine degişli meseläni aradan aýyrmaýar.


Petikli internete girmek üçin ilat köpçüligi VPN ulanmaly bolýar. VPN-ler hem wagtal-wagtal işlemän galýar, ussalara gysyş görkezilýär.




Habarçymyz Lebap welaýatyndaky we Aşgabat şäherindäki VPN gurnaýjy ussalara salgylanyp, VPN-lerden peýdalanmagyň iki hepde bäri kynlaşandygyny aýdýar.


“Dekabr aýynyň 15-nde VPN üçin ulanýan IP salgylarymyzyň barysy birden basylyp ýatyryldy. Täze IP tapýançak ençeme wagt gerek. Müşderilerimizi ýitirmezlik üçin, ýene-de 1 aý ýaly mugt işlemeli bolarys” diýip, Aşgabatly VPN ussasy gürrüň berdi.


Türkmenistan dünýäde iň haýal we gymmat internet bilen tanalýar. Ýurtda Facebook, YouTube, Instagram ýaly meşhur internet resurslar petikli galýar. Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary bloklanýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net