Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär

0
Pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirendigi habar berlen Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döwlet edara-kärhanalarynyň işçileri, şol sanda garawullar, tam süpürijiler we bagbanlar, şeýle-de jemagat hojalygy müdirlikleriniň işçileri heniz hem pagta ýygymyna çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň Gabakly obasynda, S.A Nyýazow adyndaky geňeşligiň Türkmenistan we Uzynsuw obalarynda pagta ýygymyna çekilýän işçiler üçin wagtlaýyn çadyrlar gurnalypdyr.


Býujet işçileri bilen bir hatarda ýerli kärendeçiler hem özleriniň gowaça meýdanlarynda ýygym işlerini dowam etdirýärler.


Bereket etrabynyň giç ekilen gowaça meýdanlarynda pagta ýygym möwsüminiň dekabr aýynyň ortalaryna çenli dowam etdirilmegine garaşylýar.




Bu sebitde ýerli häkimiýetler ýygymçylaryň gündelik harmana tabşyrmaly pagta kwotasyny dilden ylalaşyk esasynda üç kilograma çenli peseldipdir.


“Ýygymçylar her gün üç kilogram pagta ýygsalar, döwlet razy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň aýlanyp gören sebitlerinde gurnalan wagtlaýyn çadyrlarda işçileriň ýaşaýyş şertleriniň amatsyzdygyny habar berýär.


Türkmenistanyň döwlet mediasy 12-nji noýabrda Balkan welaýatynda 16 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny we, şeýlelikde, sebitiň pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirendigini habar berdi.


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, oba hojalygy toplumynda işleriň barşy bilen tanyşdy.


Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, bu maslahata Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary, iýul aýynda bir hepde töweregi möhlet bilen bu welaýatyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Jumanazar Annaýew gatnaşdy.


Annaýew öz hasabatynda “welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak” işleriniň hem-de beýleki oba hojalyk işleriniň dowam edýändigini aýtdy.


Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär.


Mundan ozal, sentýabr aýynda Halkara zähmet guramasynyň wekilleriniň Türkmenistana barmagyna rugsat berlip, olaryň käbir etraplarda pagta ýygym işleriniň barşy bilen tanyşandyklary mälim boldy.




Bulardan başga-da, dekabryň ortalarynda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda döwlet tabşyrygy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän gant şugundyrynyň ýetişen hasylynyň ýygnalyp alynmagynda hem mejbury zähmetden peýdalanylýar diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.


Türkmenistanda býujet işgärleri gowaçanyň otag, ýekeleme we çürtüm işlerine-de goşant goşmaga mejbur edilýärler.


Şu günler Bereket etrabynda ýygym işlerine çekilýän işçiler pagta kombaýnlarynyň hasyl ýygnan meýdanlarynda ýere gaçan pagta hanalaryny el bilen ýygnap almak işlerine-de gatnaşdyrylýarlar.


“Etrapda pagta ýygýan bäş sany kombaýndan diňe iki sanysy işleýär. Býujet işgärleri pagta meýdanlarynda kombaýnlaryň yzyny arassalamak işleri bilen hem meşgullanýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýtdy.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň häkimliginden we oba hojalygy bölüminden kommentariý alyp bilmedi.


Mundan iki hepde çemesi ozal, Azatlyk Raidosynyň habarçylary Lebap welaýatynda hem býujet işgärleriniň we esgerleriň haýdan-haý pagta ýygandyklaryny habar berdi.


Şu ýyl Türkmenistan boýunça 280 müň gektar meýdana pagta ekilip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyn ýygnap almak göz öňünde tutulýar.


Pagtaçy kärendeçiler gowaça ösdürip ýetişdirmekde mineral dökünleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net