Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Ilata ýeterlik berilmeýän biometriki pasporty '1000 dollara bir hepdäniň içinde alyp bolýar'

0
Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak mümkinçiliginiň günsaýyn kynlaşmagy, bu ugurda para-berimiň "möwjemegine" getirýär. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda daşary döwletlere göçüp gitmek isleýänleriň barha köpelýän wagtynda ýüze çykýar.


Bu ýagdaýlar barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmeleri tiz wagtda ýurtdan gitmek isleýän, emma pasport alyp bilmeýän raýatlaryň “derdine migrasiýa işgärlerine ýakyn adamlaryň ýetişýändigini” aýdýarlar.


“Bu adamlar raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýarlar. Olar raýatlardan para alyp, olara nobatsyz biometriki pasport alyp berýärler. Paranyň möçberi günsaýyn artýar diýsek ýalňyşmarys” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan lebaply bir ýaşaýjy aýtdy.




Oktýabryň ahyrynda Türkmenabadyň migrasiýa edarasynda biometriki pasportlary almak üçin nobatlar indiki ýylyň güýz paslyna çenli baryp ýetensoň, sebitde talon bermek bes edildi.


Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, häkimiýetleriň ilata ýeterlik möçberde bermeýän pasportyny bir hepdäniň içinde hem eliňe alyp bolýar. Ýöne raýatlar munuň üçin 1000 ABŞ dollaryny bermeli bolýarlar.


“Eger-de 25 günde pasport aljak bolsaň, onda 600 ABŞ dollaryny, iki-üç aýyň dowamynda aljak bolsaň, onda 200 ABŞ dollaryny bermeli” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.


Çeşmelerimiz para-berimiň möwjemegine ilat arasynda biometriki pasporta bolan talabyň artmagynyň, bu talabyň artmagyna bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Türkmenistandan çykmak isleýänleriň köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.


“Adamlar öýlerini satyp, daşary ýurtlara gitmäge synanyşýarlar. Hat-da migrasiýa işgärleriniň arasynda-da işlerini taşlap, daşary ýurtlara gidip barýanlar gaty kän. Sebäbi olar aýlygyň ýetmeýändigini aýdýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň migrasiýa edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.


Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge niýetlenen biometriki pasportlaryny almakdaky kynçylyklary fewralyň ilkinji günlerinde peýda bolup başlady.




Şonda migrasiýa gulluklary raýatlara maý aýyna nobat beripdiler. Iýulyň başynda bu nobatlar öňümizdäki ýylyň fewral aýyna çenli uzady. Soňky iki aýyň dowamynda bolsa, ýurduň köp sebitinde pasportlara resminamalary tabşyrmak üçin nobatlar öňümizdäki ýylyň güýzüne baryp ýetensoň, nobatlar üçin žeton berilmegi bes edildi.


Bu wakalar, ýurtda pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň geçen ýylyň ahyrynda gaýtadan dikeldilip başlanmagy bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň göz-görtele köpelýändigi baradaky habarlar bilen utgaşýar.


Soňky aýlarda häkimiýetler täze düzgünleri girizip, öz ilatynyň ýurtdan gitmegini has-da çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Mart aýynda häkimiýetler daşary ýurda gitjek raýatyň yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçjek döwlet işgäriniň bolmalydygyny aýtdylar.


Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, onuň täsirleri, şeýle-de ilat arasynda biometriki pasporta bolan talap we raýatlaryň ony almakdaky kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.




 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net