Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Türkmenabatda hususy ulag polisiýa işgärini kakdy

0
29-njy oktýabrda Türkmenabatda bir hususy awtoulagyň ýol polisiýa işgärini kakmagy netijesinde, ofiser agyr ýagdaýda hassahana düşdi. Habarçymyz Lebabyň merkezi şäherindäki bu hadysanyň sürüjiniň polisiýa işgäriniň talabyny berjaý etmekden ýüz öwürmegi sebäpli ýüze çykandygyny anyklady. Çeşmelerimiziň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan bu waka bilen ilteşikli käbir jikme-jikler, şol sanda anyk adam atlary äşgär edilmeýär.


“Ýekşenbe güni, sagat 00:30 töwerekleri ‘Toyota’ kysymly hususy awtoulagyň eýesi polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň ulagyny saklamak talabyndan boýun gaçyryp, ulagyny ýokary tizlikde sürmegini dowam etdirdi. Polisiýa işgäri ýoluň ugrundaky beýleki bir ofiser bilen rasiýa arkaly habarlaşyp, ýagdaýy düşündirdi. Bäş kilometr uzaklykdaky beýleki ofiser ala taýagyny bulap, köçäniň ortasyna çykdy. Emma sürüji saklanmady we onuň üstünden sürüp geçdi” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy 30-njy oktýabrda irden habarçymyza gürrüň berdi.


Ol mundan soň sürüjiniň ulagyny saklandygyny, polisiýa işgäriniň bolsa agyr ýagdaýda keselhana äkidilendigini gürrüň berdi.


“Polisiýa işgäri agyr ýagdaýda hassahana eltildi we gyssagly operasiýa edildi. Onuň janyny aman saklamak başartdy, emma bedenine öwezini dolup bolmajak agyr şikesler ýetdi. Ony ulagy bilen kakan sürüji dessine tussag edildi. Oňa şu golaýda jenaýat aýyplamasy bildiriler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.


Azatlyk bu ýol hadysasy boýunça Türkmenabadyň häkimliginden we polisiýa edarasyndan resmi ýagdaýda maglumat alyp bilmedi.


Türkmen resmileri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýärler.


Emma Azatlygyň habarçylary soňky ýyldan bäri, şol sanda adam pidalaryna getirýän heläkçilikli ýol hadysalarynyň artýandygyna ünsi çekýärler.


Türkmenistanda bolýan ýol hadysalaryna sürüjileriň ýol hereket düzgünlerini berjaý etmezligi, şol sanda ýokary tizlikde sürmegi we awtoulaglaryň tehniki näsazlygy ýaly ýagdaýlar bilen birlikde awtomobil ýollarynyň ýaramazlygy hem sebäp bolýar.




Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz polisiýa işgärleriniň dynç günleri gijelerine ulaglary ýekeme-ýeke saklamak boýunça reýdleri ýygy-ýygydan geçirýändiklerini aýdýar.


“Bu esasan serhoş sürüjileri saklamak we olardan para almak üçin edilýär. Polisiýa dokumentleri barlandan soňra, iki eliniň aýasyny sürüjiniň agzyna tutup ‘üfle’ diýýär we onuň demini uludan ysgan bolýar. Olar bu usul bilen sürüjiniň serhoşmy ýa däldigini anyklajak bolýarlar. Polisiýada munuň üçin hiç hili ýörite abzal ýa serişde ýok. Polisiýa tas her gezeginde ‘sen içgili’ diýen netijä gelýär. Soňra sürüjilik şahadatnamasyny almak haýbatyny atýar we para tamakin bolýar. Olara gepiňi düşündirjek gümanaň ýok” diýip, ýerli sürüjileriň biri hepde soňy gijelerine dowamly duçar bolýan ýagdaýlaryny suratlandyrdy.


Ol muňa razy bolman dawalaşjak bolýan sürüjileriň, narkologiýa keselhanasyna ugradylyp, ýörite barlagdan geçmäge mejbur edilýändigini, netijede sürüjileriň goşmaça wagt we çykdajylardan gaçyp, para bermäge razy bolýandyklaryny aýdýar.


Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde polisiýa gözegçiligini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Munuň çäginde polisiýa işgärleri dürli bahanalar esasynda, sürüjilere yzygiderli jerime salýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net