ABŞ Ysraýylyň Gazadaky parahat adamlar üçin jogapkärdigini aýdýar
Gaza zolagynda ölenleriň sanynyň müňlerçe adama baryp ýetmegi bilen, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyna Ysraýyla berýän berk goldawynyň ýaranlarynyň edýän ähli işini makullaýandygyny aňlatmaýandygyny açyk-aýdyň etmegi üçin edilýän basyş köpelýär.
Salliwan telewideniýede berlen söhbetdeşlikleriň birinde Waşingtonyň Ysraýyldan berk soraglary soraýandygyny, şol sanda ynsanperwer kömegi, terroristler bilen bigünä raýatlary tapawutlandyrmak we Ysraýylyň harby operasiýalary babatynda nähili pikir edýändigi barada soraýandygyny aýtdy.
