Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Paýtagtlylar unuň ýanyndan ýaramlylyk möhleti geçen önümi satyn almaga mejbur edilýär

0
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan un gaýtadan peýda boldy. Ýöne paýtagtlylar unuň ýanyndan ýaramlylyk möhleti geçen önümi satyn almaga mejbur edilýärler.


“Döwlet dükanlary adam başyna bäş kilogram ýerli uny satyp başladylar. Bir kilogramy 1 manat bolan unuň bäş kilogramy 5 manada düşýär. Ýöne dükan satyjylary öňki heňinde işleýärler we alyjylaryň hukuklaryny gödek bozýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.


Onuň sözlerine görä, dükan satyjylary unuň ýanyndan ulanyş möhleti geçen alma powidlosyny satyn almadyk alyjylara uny satmakdan ýüz öwürýärler.




“Alyjylar alaçsyz uny almak üçin 10 manatlyk alma powidlosyny hem satyn almaga mejbur bolýarlar. Bäş manatlyk un 15 manada düşýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.


Dükan satyjylary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky "Abadan" önümçilik kärhanasynyň harydy bolan önümiň näme sebäpden alyjylara mejbury satylýandygyny düşündirmeýärler.


Azatlygyň bu barada ministrlik we kärhana bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.


Bu waka ýurtda şu ýylky galla hasylynyň netijeleri yglan edilmezden, prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” karara gol çekmeginiň yz ýanyna gabat geldi.


25-nji awgustda gol goýlan resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, öňümizdäki ýylyň hasyly üçin ýurt boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy. Ýöne onuň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmady.


Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýardy. Häkimiýetler adatça ýurtda bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini iýulyň ahyrynda yglan edýärler. Ýöne hökümet we resmi media bu ýylky galla plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigi ýa ýetirilmändigi barada häzire çenli kelam agyz aýtman gelýärler.




Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky ýyllarda ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň gytçylygy saklanyp galýar.


Soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilata aýda bir gezek 5 kilogramdan paýlanmaly un ençeme aýlap paýlanmaýar ýa-da alty-ýedi aý soň paýlanýar. Käbir dükanlarda raýatlara bäş kilogram una derek diňe bir kilogram un berilýär.


Mundan başga-da, bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almadyk raýatlara un paýlary berilmeýär. Geçen aýyň ortalarynda bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmedi.


“Sebit bazarlarynda 22 manat bahalanýan bu ýag döwlet dükanlarynda 24 manatdan satylýar. Dükan satyjylary ýag almadyklara unuň berilmejekdigini aýtdylar” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy 12-nji iýulda gürrüň berdi.


Şeýle-de, dükanlarda ilata her gün paýlanmaly çörek-de tapdyrmaýar. Uzyn nobatlarda garaşýan adamlar ýeterlik mukdarda çörek satyn alyp bilmeýärler. Bu ýagdaýlar, käte alyjylar bilen satyjylaryň arasynda dawa-jenjeliň döremegine, käte-de onuň urşa ýazmagyna hem sebäp bolýar.


Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň harytlaryna garaşly bolup galýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net