Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçilik gaýtadan güýçlenýär

0
Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirýär. Günbatar Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde aýal-gyzlara gysga saç gadagan edilýär, saç boýaglary çäklendirilýär, durmuşa çykýan gyzlaryň gelin toýlaryndaky daş keşbi standartlaşdyrylýar. Şeýle-de, dodaklaryna botoks etdiren we saçlaryny açyk reňke boýadyp, emeli kirpik ýa-da dyrnak goýduran zenanlar yzarlanýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna görä, aýal-gyzlaryň daş keşbini gözegçilikde saklamak çäreleri soňky wagtlarda häkimiýetler tarapyndan has guramaçylykly alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda, ýerli häkimligiň düzüminde ahlak terbiýesine gözegçilik edýän ýörite topar döredilipdir. Bu topar zenanlar guramasy, ýerli polisiýa edaralary we salgyt gullugy bilen bilelikde iş alyp barýarlar.


Ýörite topar gözellik salonlaryna gözegçilik etmek, durmuşa çykýan gyzlaryň toý lybaslaryny we daş keşbini “milli standarda” laýyk getirmek hem-de aýal-gyzlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirmek ýaly wezipeler bilen borçlandyrylýar.




Galyberse-de, Hazaryň ýakasynda ýerleşýän şäherde soňky birnäçe günüň dowamynda aýal-gyzlara, gizlinlikde, botoks etmek, ýüz ýygyrtlaryny aýyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýän üç sany gözellik salonynyň işi togtadylypdyr.


Ýatlasak, mundan ozal türkmen häkimiýetleri zenanlaryň dodaklaryny botoks etdirmeklerini gadagan etdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň aprelinde häkimiýetler zenanlaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirip, bu ugurdaky gadagançylyklary we çäklendirmeleri täze belentliklere ýetirdi.


Şu günler Türkmenbaşyda zenanlaryň saçlaryna serenjam bermek işleri hem häkimiýetler tarapyndan üns merkezine çekilýär. Dilden görkezme esasynda ýerine ýetirilýän täze düzgünler aýal-gyzlaryň saçlaryny gysgaltmagyny gadagan edýär. Şeýle-de, aýal-gyzlaryň öz saçlaryny diňe häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen reňklere boýamaklaryna ygtyýar berilýär.


“Aýal-gyzlaryň ýüzlerindäki artykmaç gyllary, maňlaýdaky artykmaç saçlary aýyrtmak, olaryň öz saçlaryny rugsat berilýän belli-belli reňklerden daşgary reňklere boýatmagy gadagan edildi. Şeýle-de, mundan beýläk, aýal-gyzlara öz saçlaryny kelte kesdirmek hem gadagan edildi” diýip, bir türkmenbaşyly zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Türkmen häkimiýetleri zenanlaryň daş keşbine girizýän çäklendirmelerini köplenç “milli ahlak kadalary” we “türkmen däp-dessurlaryna ygrarlylyk” ýaly wagyz-nesihatlar bilen düşündirmäge çalyşýarlar. Käbir kosmetiki serişdeleriň gadagan edilmegi bolsa, wagtal-wagtal resmiler tarapyndan “sanitariýa” aladalary bilen esaslandyrylýar.


Häkimiýetler döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň arasynda wagyz işlerini geçirip, “türkmen gyz-gelinlerine mahsus serenjam işlerine” tabyn edilýärler.




Türkmenbaşyda aýal-gyzlara garşy häkimiýetleriň gözegçilik çäreleri güýçlendirilýän mahaly, soňky birnäçe wagtyň dowamynda şäherde häkimiýetleriň “owadanlyk kesgitlemesine” gabat gelmeýän birnäçe zenan polisiýa tarapyndan sorag edilipdirler.


Polisiýa tarapyndan yzarlanýan we soraga çekilen aýal-gyzlaryň arasynda dar we gysga egin-eşikde saklanan zenanlar, dodaklaryna botoks etdiren, ýa-da emeli kirpik, emeli dyrnak dakdyran birnäçe zenan maşgala bar.


Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri aýal-gyzlaryň haýsy gözellik salonlarynda emeli kirpik, emeli dyrnak dakdyrandyklary ýa-da botoks etdirendikleri bilen gyzyklanýarlar.


Şäheriň ýerli polisiýa bölüminde dört sagat töweregi dowam edýän sorag edişliklerde “owadanlyk çyzygynyň” daşyna çykan aýal-gyzlar düşündiriş hatlaryny ýazandan soňra, polisiýa bölüminden  boşadylýarlar we şäher hassahanasynda gan analizlerini tabşyrmaga mejbur edilýärler.


Býujet edaralarynda işleýän aýal-gyzlar häkimiýetleriň gözellik kesgitlemesine boýun egmedik halatynda, birinji gezek “bagyşlanýar”, ikinji gezekde işlerinden boşadyljakdyklary duýdurylýar.


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda adam hukuklaryny bozmakda, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny kemsitmekde tankyt edilýär.


Häkimiýetler aýal-gyzlaryň daş keşbine, olaryň saç reňkine, gysga ýa-da uzyn saç goýbermeklerine we egin-eşiklerine çenli gatyşyp bilýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net