"Talyban" uniwersitetde okajak 100-e golaý gyzy ýoldan saklady
Millioner Halaf Ahmad Al Habtoor ozal twitter ady bilen tanalýan X sosial media platformasynda ýerleşdirilen wideoýazgyda ol zenanlaryň 23-nji awgustda irden BAE-e uçmagy üçin pul töländigini aýtdy.
"Talyban hökümeti bu ýere okamaga gelýän gyzlara - meniň howandarlygymda bolan ýüz gyzyň uçara münmegine rugsat bermekden ýüz öwürdi, biz uçar üçin eýýäm töleg töledik, bu ýerde ýaşaýyş jaýy, bilim , ulag howpsuzlygy we zenan studentler üçin iň amatly we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly hyzmatlar üçin töleg etdik. Biziň tagallalarymyz puja çykaryldy" diýip, Al Hatboor ýazdy.
