Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Tagtabazaryň ilaty ýaşlaryň arasynda duýdansyz ölümiň köpelmeginden aladalanýar

0
Soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda (red: öňki Serhetabat etrabynyň territoriýasynda) tarpa-taýyn aradan çykýan adamlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýa alada bildirip, resmileriň munuň sebäplerini anyklamak boýunça medisina barlaglarynyň geçirilmegine garşy çykýandygyny aýdýar. Bu ýagdýalar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitden maglumat berdiler.


“Tomus aýynyň başyndan bäri sebitde onlarça adam nämälim keselden tarpa-taýyn aradan çykdy. Olaryň aglabasy 30-40 ýaş aralygyndaky adamlardyr” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 23-nji awgustda aýtdy.


Ýogalýan adamlar ölümiň öň ýanynda ýüreginiň bulaşýandygyndan şikaýat edýärler we aradan iki ýa üç gün geçensoň, ýürek urgusy durup, aradan çykýarlar.




“Kolaýmor daýhan birleşiginde 200-den gowrak hojalyk ýaşaýar. Soňky ýarym aýyň dowamynda bu ýerde azyndan alty adam tarpa-taýyn aradan çykdy. Olaryň bäşisi 30-40 ýaş aralygyndaky adamlardy we olar haýsydyr bir möhüm saglyk näsazlygyndan ejir çekmeýärdiler” diýip, ýerli çeşmämiz belledi.


Sebit lukmanlarynyň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler raýatlaryň ölümine nämäniň sebäp bolýandygyny anyklamak boýunça medisina barlaglarynyň geçirilmegine rugsat bermeýärler.


“Welaýat we etrap ýolbaşçylary barlaglaryň geçirilmegine garşylyk görkezýärler we merhumy tizräk jaýlamagy talap edýärler. Olar munuň sebäbini howanyň aşa yssylygy bilen düşündirip, jesediň zaýalanmazlygy, porsamazlygy üçin ony gyssagly ýere tabşyrmagy talap edýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.


Köp ýaşaýjy ýurduň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän etrapda ýaş raýatlaryň arasynda tarpa-taýyn ölümiň artmagyna alada bildirýär.


Azatlyk ýokarda beýan edilenler we olaryň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada welaýat we etrap häkimliklerinden, şeýle-de saglygy goraýyş bölümlerinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.




Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurtda ilatyň saglyk ýagdaýy bilen bagly bar bolan ýa-da bar bolmagy mümkin problemalar barada köpçülige aç-açan maglumat bermeýärler.


Ýatlatsak, Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlap gelýär.


Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň onlarçasy pandemiýanyň başyndan bäri bu wirusa müňlerçe adamyň ýolugandygyny, başga-da şonçasynyň bu keselçilikden wepat bolandygyny habar beripdi.​


Geçen aýda Balkandaky we Marydaky aýal-gyzlarda uçdantutma onkologiýa barlaglarynyň geçirilýändigi baradaky maglumatlar Azatlykda çap edilensoň, häkimiýet wekilleri saglyk işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olary tankydy maglumatlary “syzyp çykarmakda” aýypladylar.


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ölüm derejesini görkezýän maglumatlary hem köpçülige aç-açan mälim etmekden saklanýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net