Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Marynyň ot alan “Lälezar” bazary gaýtadan açyldy, howpsuzlyk güýçlendirildi

0
21-nji awgustda Mary welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän “Lälezar” bazarynda ýangyn döredi. Wakada bazardaky azyndan ýedi dükan doly diýen ýandy, ýöne adam pidasy bolmady. 24-nji awgustda gaýtadan açylan bazarda sebitiň kanun goraýjy we howpsuzlyk işgärleri gözegçiligi ýiti güýçlendirip, ýangynyň bolan ýerini surata ýa-da wideo düşürmek isleýän raýatlary tussag edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Aşgabatdan maglumat berdi.


“Ýangyn gündiz wagty boldy. Şonda bazarda alyjylaryň azlygy sebäpli, adam pidasy bolmady. Hemme adam ýangyn ýerinden gyssagly gaçyp gidipdir” diýip, çeşmämiz aýtdy.


Waka şaýat bolanlaryň çeşmämize gürrüň bermegine görä, ýangyn söndürijiler wakanyň bolan ýerine çaltlyk bilen gelip, dessine ýangyny söndürdiler. Muňa garamazdan, wakada azyndan ýedi dükan we onuň içindäki harytlar doly ýandy.




“Söwdagärleriň anyk näçe zyýan çekendigi belli däl. Ýöne olar takmynan 20-30 müň dollarlyk söwda harytlarynyň ýanandygyny aýdýarlar. Bu dükanlaryň arasynda azyk, parfýumeriýa we kosmetika harytlaryny, spirtli içgileri, tehnologik enjamlary, şol sanda telefonlary satýan dükanlar bardy” diýip, çeşmämiz belledi.


Ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada resmi maglumat berilmeýär, ýöne muňa elektrik üpjünçiligindäki näsazlygyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi aýdýarlar.


“Resmiler ýangyna ot ýakylmagynyň sebäp bolan bolmagynyň ähtimallygyny hem derňeýärler” diýip, çeşmämiz belledi.


Telekeçilere we alyjylara tas üç günläp ýapylan A.Niýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bazar 24-nji awgustda irden gaýtadan açyldy. Häkimiýetleriň bazarda gözegçiligi ýiti güýçlendirendigini synlasa bolýar.


“Her ädimde MHM, kanun goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk işgärlerini görse bolýar. Olaryň aglabasy raýat eşiginde bolup, ýangynyň bolan ýerini surata ýa wideo düşürmek isleýän raýatlary dessine tussag edýärler we soraga çekýärler. Olaryň esasy aladasy – daşary ýurtlara surat, wideo we informasiýa gitmeginiň öňüni almaklyk” diýip, çeşmämiz kanun goraýjylaryň dükany ýanan telekeçileriň ýanlaryna gelip-gidýän adamlaryň ählisiniň şahsy maglumatlaryny ýazyp alynýandygyny hem belledi.




Azatlyk ýokarda beýan edilenler, şeýle-de ýangyn we onuň döremeginiň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada bazar administrasiýasyndan, sebitiň Polisiýa müdirliginden we howpsuzlyk edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.


Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn, ýol ýa tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler.


Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.


23-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň demirýol menziliniň merkezi ammarynda ýangyn döräpdi. Ýangynyň döremegine ammaryň abatlaýyş bölüminde abatlanýan bir lokomotiwiň hereketlendirijisiniň ot almagy sebäp bolupdy.


Şu ýylyň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdep bölekleýin ot aldy. Okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň başlamagyndan iki gün soň dörän ýangynda hiç kime zeper ýetmedi, ýöne mekdebiň dört sany synp otagy doly diýen ýaly ýandy. Şol wakada hem, häkimiýetler ýangyny gizlemek üçin mekdebiň penjirelere içi görünmeýän plastik paketleri tutupdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net