Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Aşgabadyň käbir awtobuslary günde diňe iki gezek gatnaýar

0
Türkmenistanyň paýtagtynda jemgyýetçilik transportynyň işindäki kynçylyklar ýene-de güýçlendi. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň habar berşi ýaly, häkimiýetleriň Aşgabadyň awtobus parkyny täzelemek barada yzygiderli yglan edýän planlaryna garamazdan, paýtagtda awtobuslar gaty seýrek gatnaýar we ilaty köseýär.


Garaşsyz neşiriň habaryna görä, Aşgabadyň iň meşhur ugurlarynda, şol sanda demorýol wokzaly bilen hassahanalaryň arasynda gatnaýan awtobuslaryň wagt aralygy 1-1,5 sagatdan başlanýar we hatda günde diňe iki gezek gatnaýan awtobuslar bar.


Parahat-7 bilen Çoganly arasynda hereket edýän 11-nji marşrutda awtobuslar 1-1,5 sagat aralykda, 34-nji we 37-nji marşrutlarda bolsa awtobuslar günde diňe iki gezek gatnaýar. Bu ugurlar demir ýol wokzaly bilen Berzengidäki Kardiologiýa merkeziniň arasynda geçýär, bu bolsa köplenç saglyk kynçylyklary bolan adamlar tarapyndan ulanylýar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" ýazýar.




Edil şeýle ýagdaý ýagny ýolgaçylaryň 1,5 sagatlap garaşmagy başga-da birnäçe ugurlara degişili. 33 belgili awtobus demir ýol menzilinden Gündogar bazarynyň üstünden geçip, Çoganlydaky awtobus merkezine barýar. 26-njy awtobus, Parahat-7 etrapçasyny Teke bazary bilen birleşdirýär, diýlip maglumatda aýdylýar. Neşir sürüjilere salgylanyp, bu marşrutda awtobuslaryň diňe 3-siniň bardygyny we awtobuslaryň 1-2-siniň köplenç dürli köpçülikleýin çärelere äkidilýänigini we eger çäreler sebäpli ýollar petiklense, adamlaryň awtobusa 2-3 sagat garaşmaly bolýandygyny habar berýär.


Tomus 45 gradus yssyda we gyşyň sowugynda garrylara we çagaly enelere awtobuslara uzak garaşmak kyn. Duralgalaryň hemmesi Türkmenistanyň howa şertlerine laýyklykda enjamlaşdyrylanok. Tomusda ýolagçylar duralgalaryň golaýyndaky agaçlaryň kölegesinde gizlenýärler diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň habaryna görä, täze awtobuslar hem, köneleri ýaly kondisionerler bilen enjamlaşdyrylmandyr.


Awtobus Aşgabatdaky jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşidir. Taksi hemmeler üçin elýeterli däl.


Bu aralykda, garaşsyz neşiriň belleýşi ýaly, jemgyýetçilik trasportynyň işindäki bökdençlikler paýtagtda awtobus ýetmezçiligi bilen baglanyşykly däl. 2021-nji ýylyň maý aýynda Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagt üçin 200 täze "Toyota Corolla" kysymly taksiler we 400 sany "Hyundai ALL New Super Aero City" awtobusy satyn alyndy diýlip, maglumatda aýdylýar.


Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary ençeme ýyl bäri jemgyýetçilik transportynyň işindäki dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käwagt awtobuslaryň gatnawynyň arasyndaky wagt öňünden duýrudylmazdan uzaldylýar ýa-da doly ýatyrylýar.


Welaýatlarda, şol sanda sebit merkezlerinde awtobuslaryň ýagdaýy we transport hyzmatlarynyň hili has ýaramaz.




Paýtagtda we sebitlerde jemgyýetçilik transportyndaky kemçilikler we olaryň sebäpleri türkmen döwlet habar beriş serişdeleri tarapyndan beýan edilmeýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan sürüjiler öz iş şertleriniň yzygiderli ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar. Sürüjiler häkimiýetleriň goldaw bermegiň ýerine hemişe täze talaplary girizýändigini, ýangyç, ätiýaçlyk şaýlary üçin çykdajylaryň ýokarlanýandygyny we bu zatlary, şol sanda hatda ýörite egin-eşikleri öz hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny aýdyp, zeýrenýärler.


Mundan başga-da, sürüjiler hususy mikroawtobuslaryň sanynyň ep-esli azalmagy hem şäherlerde jemgyýetçilik transportynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna täsir etdi diýýärler.


2022-nji ýylda Türkmenistan hususy awtobus sürüjilerinden Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk gullugyndan işlemek üçin ýörite rugsat almak we degişli salgyt tölemek talaby girizdi, şondan soň ýurduň uly şäherlerinde jemgyýetçilik transportynyň ýetmezçiligi güýçlendi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net