Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Balkanly ene-atalar: Ýöriteleşdirilen mekdepleriň parasy 50 müň manada ýetdi

0
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna iki hepde galanda, mekdeplerde “para möwsüminiň" möwjeýändigini synlasa bolýar. Balkanly ene-atalaryň ençemesi çagany ýöriteleşdirilen mekdeplere birinji synpa ýerleşdirmek üçin soralýan paranyň möçberiniň on müňlerçe manada ýetýändigini aýdýar.


“Türkmenbaşy şäherinde çagalaryny daşary ýurt dillerini çuňňur öwredýän ýerli ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak isleýän ene-atalardan aç-açan para soralyp başlandy. Para şäheriň bilim bölüminiň käbir resmileri we mekdepleriň ýolbaşçylary tarapyndan soralýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ene Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Ene-atalaryň sözlerine görä, paranyň möçberi, mekdebiň ilat arasyndaky “abraýyna” görä, 20 müňden 50 müň manada çenli üýtgeýär. Bu Merkezi bankyň kursunda $5700-$14300, gara bazaryň nyrhynda $1000-$2500 töweregindedir.




“Bu mekdepleriň arasynda şäheriň 1-10-13-26-njy mekdepleri bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.


Türkmenistanda başlangyç we orta bilim mugt hasaplanýar. Ýöne habarçymyz çagalaryň bu mekdeplere ukyby ýa-da golaýda ýaşaýandygy esasynda mugt girmek mümkinçiliginiň tas ýokdugyny aýdýar.


“Bu mekdepler para bermedik ene-atalaryň çagalaryndan iňlis dilinde synag alyp, olaryň hemmesini ýykyp goýberýärler. Sebäbi bilim işgärleri olardan 6 ýaşly çagalaryň bilmejek zatlaryny soraýarlar” diýip, balkanly başga bir ene aýtdy.


Azatlyk şäheriň bilim bölümi we mekdepleriň administrasiýalary bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada maglumat alyp bilmedi.


Awgust aýyndan başlap Türkmenistanyň orta mekdepleri çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul edip başladylar.


Resmi metbugatyň 26-njy iýuldaky habarynda ýurtda işleýän orta mekdepleriň umumy sanynyň iki müňe golaýlaýandygy bellenilýär.


“Ýurduň 200-e golaý mekdebi matematika, informatika, tebigy ylymlar, takyk ylymlar we ynsanperwer ylymlar, şeýle hem iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir” diýlip, maglumatda aýdylýar. Ýöne onda ýöriteleşdirilen mekdeplere girmekdäki “para-berim” barada mesele gozgalmaýar.




Türkmenistanda çagalary başlangyç synpa kabul ediş möwsümindäki para-berim meselesi barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy habar berip gelýärler.


Ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz ýöriteleşdirilen mekdepleri tamamlan çagalaryň hem ýurduň ýokary okuw jaýlaryna “parasyz tas girip bilmeýändigini”, sebäbi paranyň tas ähli pudaga ýaýrandygyny aýdýarlar.


Ýöne ene-atalaryň ençemesi bu mekdepleri tamamlan çagalarynyň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenip, daşary döwletlerdäki okuw jaýlaryna giren halatlarynda öz bilimi, başarnygy bilen okap bilmeklerini we ýokary hünärli hünärmen bolmaklaryny umyt edýändiklerini aýdýar.


Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.


"Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net