Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Awazada prezidentiň geçjek ýollaryna ‘adaty raýatlara derek aktýorlar goýberildi’

0
5-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedow Awaza zolagyna bardy. Munuň bilen bagly, kurort şäherinde we onuň töweregindäki sebitlerde hereket çäklendirildi, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şeýle-de, emeldarlaryň aýlanaýjak ugurlary boýunça dynç alýan kişi bolýan aktýorlar ýerleşdirildi.


“[Şenbe güni] ir bilen Türkmenbaşy şäherinden Awaza gatnaýan awtobuslaryň we taksileriň hereketi çäklendirildi. Kongresler merkezinden ýahta klubuna çenli hiç kime görünmezlik tabşyryldy. Ýahtalary arenda bermek hem gadagan edildi. Raýat eşikli, eli rasiýaly MHM işgärleri myhmanhanalara ýerleşdiler” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.




Ol prezidentiň şol gün “Awazada” welosipetli syýahat edendigini, kottejler toplumyny synlandygyny, emeldarlar bilen ýahtada aýlanandygyny hem mälim etdi.


“Şol gün myhmanhanalardan hiç kimi daşyna çykarmadylar. Adaty adamlara derek, hamala dynç alýan kişiler bolýan, öňünden taýýarlanyp goýlan adamlaryň toparyny goýberdiler. Deňizde aýal maşgalalar doly ýapyk lybasda, erkekler hem şortyly suwa düşdüler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Bellesek, aýal-gyzlaryň daşky keşbine çäklendirmeleri giriziýän türkmen häkimiýetleri, zenanlaryň bikini-kupalniklerde suwa düşmegini hem gadagan edipdi.


Ýurduň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alşa goýberildi.


Azatlyk geçen aýyň aýagynda Awazada munuň bilen bagly uly taýýalyk görülýändigini habar beripdi. Bularyň çäginde, eýýäm adata öwrülen mejbury ýowarlar geçirildi, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.


Myhmanhanalarda dynç almaga gelen raýatlaryň resminamalary içgin öwrenildi we olar “üç arka” barlagyndan geçirildi.


Azatlyk bular barada welaýat häkimliginden we myhmanhanalardan kommentariýa alyp bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net