Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Çärjewde ýiti suw ýetmezçiligi kärendeçileriň arasynda dawa-jenjeliň döremegine getirýär

0
Türkmenistanda gowaça we şaly ekilen meýdanlarda ösüş suwlaryny tutmak we ideg işleri dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň kärendeçileri ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu bökdençlik kärendeçi daýhanlaryň arasynda dawa-jenjeliň ýygy-ýygydan ýüze çykmagyna getirýär.


“Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan şu günlerde gowaçanyň ösüşi üçin uly mukdarda suw gerek bolýar. Ýöne ýaplarda suw ýok. Şaly meýdanlaryny suwarmaga hem suw ýetmeýär. Daýhanlar suwuň üstünde özaralarynda uruşýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji awgustda sebitden maglumat berdi.


Kärendeçileriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, suw ýetmezçiliginiň ýitileşmegine, gyş paslynda ýaplaryň talaba laýyk däl-de, “başdan sowma gazylmagy” sebäp boldy.




“Ýaplar çala gazyldy. Munuň sebäbi tehnikalaryň köne bolmagy bilen baglanyşykly. Ýabyň golaýynda durup, olary düýpli gazmaga tehnikalaryň kowşy ýetmedi” diýip, çärjewli daýhan belledi.


Mundan başga-da, kärendeçiler soňky iki onýyllygyň dowamynda ýaplaryň Amyderýadan akyp gaýdýan ýerinde suw arassalaýjy nasoslaryň ýokdugyny we munuň ýaplaryň gumdan dolmagyna getirýändigini hem belleýärler.


“Şu sebäpli derýadan akyp gelýän suw arassalanmaýar we bu, ýaplaryň bir aýyň dowamynda çägeden we gumdan dolmagyna getirýär” diýip, çärjewli daýhan aýtdy.


Daýhanlar ýerli oba hojalyk resmilerinden kömegiň ýokdugyny hem belläp, suw ýetmezçiligine özbaşdak çykalga tapmaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.


Olar öz maddy serişdeleriniň hasabyna tehnikalary hakyna tutup, gowaça we şaly meýdanlaryna barýan ýaplary gazdyrýarlar. Käbir daýhanlar suw nasoslaryny gurnap, gowaça we şaly meýdanlaryny suwarýarlar.


“Häzir zeý suw akýan zeýkeşlerden nasos arkaly suw alyp, şaly meýdanlaryny suwarýan daýhanlar hem bar. Şol sebäpli kiçi zeý ýaplarda suw çekildi. Mundan üç aý öň ýaplarda zeý suw bolan bolsa, häzir zeý suw ýaplary takyrdap, gurap galdy” diýip, habarçymyz aýtdy.


Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň oba hojalyk resmilerinden kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.




Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda gowaça we şaly ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.


Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň tehnika, suw, tohum we dökün üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny, bularyň köplenç hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.


Kärendeçiler we türkmenistanlylaryň ençemesi şu ýyl ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly meseläniň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da ýaramazdygyny apreliň başyndan bäri habar berýärler.


Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgaýarlar. Ýöne olar suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.


Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek meselesiniň wajypdygyny nygtady.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net