Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

'IMO-da işlemeýär'. Türkmenistanda internete girmek kynçylygy dowam edýär

0
Türkmenistanda internetiň hili aşa pes bolmagynda galýar, soňky günlerde internetiň tizligi ep-esli peseldi we VPN hyzmatlarynyň elýeterliligi gaty çäklendi. Ilat, hatda ýurtda petiklenmedik birnäçe internet resurslaryny hem ulanyp bilmeýär.


"Köp adam hatda öňden bar bolan IMO-nyň hem häzirki wagtda işlemeýänliginden zeýrenýärler. Ýöne adamlar diňe bir sosial ulgamlar üçin internete mätäç däl, köp adama ol okamak we işlemek üçin zerur. Häzirki wagtda bütin dünýäde hemme zat internete bagly. Bizde bolsa haýal internet hemmäni biynjalyk edýär" - diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.


IMO ýurtda petiklenmedik we köpçülige elýeterli bolan tas ýeke-täk mesenjer bolmagyna galýar. “Facebook”, “Twitter”, “Instagram”, “Odnoklassniki”, “Wkontakte” we “YouTube” ýaly köpsanly sosial ulgam köp ýyl bäri petikli galýar. “WhatsApp”, “Telegram” we “Viber” mesenjerleri hem elýeterli däl. Şu ýylyň aprel aýynda ýurtda ICQ mesenjeriniň petiklenendigi habar berildi.




Habarçylar Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlarynyň düýpgöter ýaramazlaşmagy sebäpli ne bu hyzmatlary bilen üpjün edijilere şikaýatlaryň, ne-de internet hyzmatlarynyň has gymmat tölegli görnüşlerini saýlap almagyň kömek edýändigini aýdýarlar.


"Ulanyjylar yzygiderli 'Turkmentelecom'-a ýüz tutýarlar, ýöne aragatnaşyk hili gowulaşmaýar. Köpler has gymmat hyzmatlar paketini satyn alyp, has ýokary nyrhy töleýärler, ýöne bu hem kömek etmeýär. Goşmaça çykdajy edýän has gymmat bahaly täze hyzmatlar berilýän internetiň tizligine täsir etmeýär" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.


Soňky günlerde internetiň hiliniň ýaramazlaşmagy wideo arkaly jaň etmäge köplenç mümkinçilik bermeýär.


"Aragatnaşyk şeýle bir gowşak welin, päsgelçiliksiz gürleşmek köplenç mümkin däl, wideo jaňlary tas düýpde elýeterli däl" - diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.


Türkmenistanda internet berk döwlet gözegçiliginde saklanýar. Ýurtdaky internet hyzmatlary döwlete degişli ýeke-täk şirket tarapyndan üpjün edilýär.


Häkimiýetler VPN hyzmatlaryny petikleýärler we ilatyň garaşsyz metbugat çeşmelerine  we sosial media ulgamlaryna girmegi çäklendirýärler. Azatlyga mälim bolşuna görä, döwlet eýeçiligindäki “Turkmentelekom” tehniki bazasyny yzygiderli täzeleýär we ulanyjylara gözegçilik etmek hem internet çeşmeleriniň elýeterliligini çäklendirmek üçin täze enjam satyn alýar.


2021-2022-nji ýyllarda geçirilen gözleglere görä, Türkmenistanda 122 müňden gowrak internet domeni petiklenýär.




2022-nji ýylda Türkmenistanyň kiberhowpsuzlyk üçin 29 million ýewrodan gowrak pula enjam satyn almak üçin şertnama baglaşandygy mälim boldy.


2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Azatlyk Radiosy žurnalistik derňewini çap etdi. Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi nemes kompaniýasy “Rohde & Schwarz” -yň enjamlaryny we tejribesini internet sahypalaryny petiklemek we öz raýatlaryny yzarlamak üçin ulanýar. 2015-nji ýylda geçirilen gözleglerde türkmen häkimiýetleriniň bu ugurda beýleki daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy anyklandy.


Türkmenistanda internet dünýä boýunça iň haýal we iň gymmat hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň häkimiýetleri häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we ähli pudaklary sanlaşdyrmak ýaly ägirt uly meýilnamalary öňe sürýärler, şeýle-de ilaty döwlet onlaýn neşirlerine ýazylmaga mejbur edýärler.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net