Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Yssy howada hassahanalara ýüz tutýan polisiýa işgärleri köpelýär

0
Türkmenistanda aşa yssy howa akymy saklanyp galýan mahaly, onuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Şu günler Mary welaýatynda adaty raýatlardan başga-da, polisiýa işgärleriniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, hassahanalara ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.


“Häzir Mary şäheriniň we etraplarynyň haýsy hassahanasyna barsaň, kellesinden gün ýa-da içinden ýalyn geçip, ysgyny bolman, işe ýaraman, hassa bolup, lukmanlara ýüz tutýan polisiýa işgärlerini görse bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji iýulda sebitden habar berdi.


Saglyk işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, keselhanalara ýüz tutýan polisiýa işgärleriniň aglabasy lukmanlardan öýlerinde bejergi almak üçin resminamalary taýýarlap bermegi soraýar.




“Syrkawlap işe gelmeýän polisiýa işgärleriniň köpdügi zerarly, şu günler başlyklarymyz işgär ýetmezçilik edýär diýip, leýtenantlary hem nobatçylyga iberýär” diýip, maryly polisiýa işgäri habarçymyza gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, şu günler aşa köp polisiýa işgäriniň syrkawlamagyna olaryň jokrama yssyda ençeme sagatlap nobatçylyk çekmegi sebäp bolýar.


“Howanyň temperaturasy gündizlerine 45 gradusdan geçýär. Şu howada uzakly gün Günüň aşagynda durup, adamlaryň ýollardaky ýörite geçelgelerden geçýändigine gözegçilik etmeli. Bir salym kölegede durup, teniňi salkynlatjak bolsaň, derrew bir ýolbaşçynyň gözüne ilýär we senden düşündiriş ýazmagy talap edýär” diýip, maryly polisiýa işgäri aýtdy.


Ol şu günler iş şertlerinden halys ýadap, işden çykyp, daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýändigini aýdýan işgärleriň köpelendigini hem sözüne goşdy.


“Biziň alýan aýylygymyz 3 müň manat bolup, bizden gyşyň aýazly sowuk, tomsuň jokrama yssy günlerinde uzakly gün buýruklary ýerine ýetirmegimizi talap edýärler. Bize anomal howa şertlerinde-de, ýeňillikleri ýa-da gysgaldylan işe sagatlaryny girizmeýärler” diýip, polisiýa işgäri belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirliginden we saglyk bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi iki hepde gowrak wagt bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär.




Bu döwürde habarçylarymyz we lukmanlar yssy howanyň ýaramaz täsirleri zerarly, saglyk şikaýatlary bilen hassahanalaryň Tiz kömek bölümlerine ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigini gürrüň berip gelýärler.


20-nji iýulda bolsa, Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylarymyz raýatlaryň, hususan-da çagalaryň arasynda içgeçme we dem alyş ýollary keselleriniň köpelýändigini habar berdiler.


Aşa yssy howa energetika desgalaryna hem agram salýar. Ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.


Häkimiýetler we resmi media aşa yssy howanyň ilat arasyndaky ýaramaz netijeleri barada hiç zat aýtman gelýärler.


Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” gullugy 28-nji iýulda Maryda howanyň temperaturasynyň gündizine 38 gradusa ýetjekdigini görkezýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net