Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Marynyň prokuraturasy gallaçy we pagtaçy kärendeçileriň ýerlerinde derňewleri geçirýär

0
Mary welaýatynyň tas ähli etraplarynda prokuratura işgärleri pagtaçy we gallaçy daýhanlaryň kärende ýerlerinde derňewleri geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda sebitden maglumat berdi.


Prokuratura işgärleri daýhan birleşikleriň başlyklaryny hem ýanlaryna alyp, daýhanlara bölünip berlen kärende ýerlerinde bugdaýyň we gowaçanyň talaba laýyk ekilendigini ýa ekilmändigini barlaýarlar.


“Barlagçylar kärendeçileri hem ekin meýdanlaryna çagyrýarlar. Olar ellerine planşet alyp, degişli ekin meýdanyň näçe gektaryna bugdaý ýa pagta ekilendigini deňeşdirýärler” diýip, maryly kärendeçi gürrüň berdi.


Derňewçiler kärende ýerleriniň bir bölegine mekgejöwen, gawun, garpyz, kädi, noýba ýaly ekinleri eken daýhanlardan bu ekinleri dessine söküp aýyrmagy we ýeri tekizlemegi talap edýärler.




“Biz plan borçnamasynda göz öňünde tutulan galla we pagta hasylyny döwlete tabşyrýarys diýsek-de, barlagçylar ‘bu bizi gyzyklandyranok, gök-bakja ekinleriňiziň ählisini söküp aýryň’ diýdiler” diýip, kärendeçi daýhan aýtdy.


Türkmenistanda daýhanlar döwletiň bölüp beren kärende ýerlerinde şertnama esasynda gowaça we bugdaý ýaly döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler. Şeýle-de, olar ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Döwlet daýhanlary suw, dökün, tehnika bilen ýeňillikli üpjün etmegi öz üstüne alýar.


Ýöne kärendeçileriň ençemesi özleriniň bu hyzmatlar bilen wagtly-wagtynda üpjün edilmeýändigini, munuň hasylyň pes bolmagyna getirýändigini aýdýar.


"Daýhanlar bu hasyl esasynda diňe çykdajylaryny ýapyp bilýärler. Olar girdeji almak üçin kärende ýerleriniň bir bölegine beýleki gök-bakja ekinlerini ekmäge mejbur bolýarlar. Ýöne bu ýyl olaryň bu plany hem puja çykdy. Indi kärende ýerimizi tabşyryp, Russiýa ýa Türkiýä işlemäge gidäýmesek, bu ýerden hem girdeji almaz ýaly etdiler” diýip, başga bir maryly kärendeçi belledi.


Azatlyk ýokarda aýdylanlar Mary welaýat prokuraturasyndan kommentariýa alyp bilmedi.


Marydaky barlaglar, Türkmenistanda galla oragynyň dowam edýän we gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilýän mahalyna gabat geldi.




Azatlygyň habarçylary ýurtda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi, kärendeçileriň dökün we tehnika bilen öz wagtynda üpjün edilmeýändigi, şol sebäpli ekerançylyk ýerlerinde gowaça ýa-da bugdaý hasylynyň pes bolýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýär.


Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar. Ýöne häkimiýetler hasyl möwsüminiň öň ýanynda we yzysüre, plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçilere gözegçiligi artdyryp, olara garşy basyş çärelerini güýçlendirýärler.


Häkimiýetleriň mekgejöwen, kädi ýaly gök-bakja ekinleri ekip, kärende ýerlerinden goşmaça ýa-da ikinji hasyl almakçy bolýan daýhanlaryň ekinlerini sökýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.


Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý we 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net