Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Aşgabatda jaýlardaky split-ulgamlaryny sökmek çäresi ýene güýçlenýär

0
Aşgabatda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, häkimiýetler köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky split-ulgamlaryny ýene söküp aýyrýarlar. Şäher häkimiýetleri iki ýyl arakesmeden soň gaýtadan güýçlendirilen bu çäräniň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler.


“Soňky iki hepde bäri Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň işgärleri Ankara (Ýubileýnaýa) köçesiniň ugrundaky jaýlaryň köçe tarapyndan oturdylan splitleri söküp aýyrýarlar. Birnäçe jaýyň bolsa, köçäniň iç tarapynda oturdylan splitleri hem sökülýär” diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy 26-njy iýunda aýtdy.


Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bu jaýlardaky gurallary “protokol splitleri” atlandyryp, olary söküp aýyrmak çärelerini esasanam dynç günleri güýçlendirýärler.




Bu çäre Büzmeýin etrabynda hem batlandy. Jemagat hojalygy işgärleri ilatdan splitleri söküp aýyrandyklary üçin 300 manat talap edýärler. Ýöne olar ýaşaýjylara tölegiň geçirilendigi barada kwitansiýa bermeýärler.


“Ýaşaýjylaryň käbiri öz ussalaryny çagyryp, splitleri şol ussalara sökdürjekdigini aýtsa, onda jemagat hojalygynyň işgärleri olaryň şnurlaryny, simlerini kesýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy aýtdy.


Şäher häkimiýetleri bu çäräniň gaýtadan güýçlenmegi barada resmi düşündiriş bermeýärler. Olar diňe “bulary aýyrmak barada özlerine tabşyryk berlendigini” aýtmak bilen çäklenýärler.


Azatlygyň bu barada şäher häkimliginden goşmaça maglumat almak synanyşyklary başa barmady.


Türkmenistanda split-ulgamlarynyň we jaýlaryň daşynda ýaşaýjylar tarapyndan oturdylýan beýleki gurallaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin sökülip aýrylmagy 2017-nji ýylda güýçlenipdi.


Şonda resmiler ýaşaýjylara dilden beren düşündirişinde şeýle gurallaryň “paýtagtyň owadan keşbine zyýan ýetirýändigini” mälim edipdiler.




Ýerli ýaşaýjylar jaýlarda öýleri sowatmak üçin niýetlenen ýörite sowadyş-ulgamlarynyň göz öňünde tutulmandygyny aýdyp, splitleriň sökülmeginiň özlerine esasanam tomusda juda ýaramaz täsir edýändigini belleýärler.


“Splitleri sökmek çäresi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ýokdy. Bu sütem ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda bolan döwri güýje girizildi. Şol döwürde, beton jaýlarda pensionerleriň yssa çydaman, saglyk ýagdaýynyň agyrlaşyp, keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da aýatdan ötmegi ýaly wakalar köp boldy. Häzirki prezident Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçensoň, şeýle tejribäniň bolandygyny eşitmändim. Ýöne, görnüşinden, ‘arkadag döwrüniň’ tejribesi gaýtadan güýçlenýär” diýip, çeşmämiz belledi.


Yssy we gurak klimatly çöllük Türkmenistanyň häkimiýetleri splitleriň sökülmegi barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Döwlet telewideniýesiniň reportažlarynda hem, ilata ‘paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmek we günüň ýiti şöhlesinden goranmak’ barada maslahat berilse-de, bu çäreler barada hiç zat aýdylmaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net