Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Türkmen hökümeti ilat ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi, sanlary äşgär etmedi

0
Türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň aýagynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi, emma munuň bilen bagly anyk sanlary äşgär etmedi.


Türkmenistan eýýäm 16 ýyl töweregi bäri ilatynyň sany barada resmi görkezijileri çap etmeýär. 2006-njy ýylda ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürüldi.


Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky ýyllarda, Türkmenistandaky agyr ykdysady krizisiň arasynda ýurduň daşyna millionlarça adamyň çykandygyny belläp, ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygyny nygtapdylar.


23-nji iýunda Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hem çykyş edip, 17-27-nji dekabr aralygynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy barada hasabat berdi.


Emma resmi diňe umumy maglumatlar barada gürrüň etmek bilen çäklendi.


Geldimyradow “Ilat ýazuwy – 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!” şygary astynda geçirilen ilat ýazuwynda toplanan maglumatlaryň umumylaşdyryldygyny we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyrylandygyny öňe sürdi.


Emma bu görkezijiler ne resminiň çykyşynyň dowamynda, ne-de döwletiň berk gözegçiligindäki metbugatda äşgär edildi.




Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermegi tabşyrdy. Emma gürrüňi gidýän maslahatyň dowamynda munuň bilen bagly sanlaryň äşgär edilip-edilmejekdigi aýdyňlaşdyrylmady.


Ýogsa, geçen dekabrda türkmen häkimiýetleri BMG-niň bilermenleriniň "ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek" baradaky tekliplerini "öwrenmäge" taýýardyklaryny aýdypdylar.


Türkmenistanda mundan ozalky, ýagny 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hem hiç haçan aýan edilmedi. Munuň sebäplerini geçen 10 ýyldan hem aşa wagt içinde resmi ýagdaýda anyklamak başartmady.




Ýöne Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri ýazuwyň netijeleri boýunça ilat sanynyň resmileriň garaşyşyndan has az çykandygy sebäpli, olary äşgär etmekden saklanandygyny gürrüň beripdiler.


Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri geçen ýyllaryň dowamynda ýurtdaky ykdysady krizis we esasy azatlyklaryň has berk çäklendirilmegi sebäpli, köp raýatyň has gowy durmuş gözleginde ýurduň daşyna çykandygyny belläpdiler.


Resmi ýagdaýda tassyklanmadyk maglumata görä, soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanly ýurtdan göçüpdir, şeýle-de ýurduň häzirki ilaty 2,7-2,8 million töwereginde saklanýar.


Türkmenistanyň hökümeti Azatlykda çykan bu maglumatlara reaksiýa bildirmedi. Emma Türkmenistanyň ilatynyň sanynyň azalýandygy baradaky tendesiýasyny ýurduň beýleki ugurlarynda, şol sanda her ýyl mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň mysalynda hem synlasa bolýar.


Öňki ýyllarda Türkmenistanda, resmi maglumatlara görä, mekdebi tamamlaýanlaryň sany 100 müňden aşan bolsa, soňky ýyllarda uçurym bolýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli azalýandygyny synlasa bolýar.




Maglumata görä, 2009-njy ýylda 115 müň uçurym hasaba alnan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 82 müňe deň boldy. Ýagny, iki döwrüň arasyndaky tapawut 33 müň adama barabar boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net